Sahypa täzelikleri

26.01.2012 : Goşgular :

Hapa

Hapany her neneň tämiz ýerde goý,
Arassa bolmaz.
Tersine hapalar goýulan ýerin.
Hapany her neneň belende çykar,
Ýokaryk galmaz,
Ysy aşak gaýdar ganatyn gerip.

Dowamy >>>

21.01.2012 : Goşgular :

“Hormatly” bir diýmäň

Adymyň öňünden “hormatly” diýen sözi goýup, hat ýazan ildeşe

“Hormatly” bir diýmäň maňa,
Şuny gaty edýän haýyş!
Sebäp “hormatly” diýen söz
Sögünç ýaly boldy paýyş.

Dowamy >>>

21.01.2012 : Başga :

Köppartiýaly maşgala

(Radiooýun)

Waka Aşgabadyň eteginde, mugallymyň maşgalasynda bolup geçýär.

Gatnaşýarlar:

Juma, 52 ýaşynda, taryh mugallymy
Jeren, 50 ýaşynda, Jumanyň aýaly, çagalar bagynyň müdiri
Oraz aga, 60 ýaşynda, Jumanyň goňşusy, pensioner
Maksat, 20 ýaşynda, Juma bilen Jereniň ogly, student
Göwher, 23 ýaşynda, Juma bilen Jereniň gyzy, tikinçi
Aňyrdan gelen, MHM-niň ofiseri

Dowamy >>>

21.01.2012 : Goşgular :

Intellektual

“Mert özünden görer – diýdiler oňa,
- Namart görermişin ýoldaşdan diňe.”
Ol özünden gördi ýeke galanyn,
Ýöne süýşjek boldy barybir öňe.

Dowamy >>>

21.01.2012 : Goşgular :

Hekaýanyň soňy

Bir ogry tutuş bir halkyň
Zäherläp bilmez durmuşyn.
On ogry tutuş bir halkyň
Ütüp bilmez tutan guşun.

Dowamy >>>

14.01.2012 : Goşgular :

Putine berlen maslahatlar

Biri diýýär: “Besdir indi,
Git taşla-da syýasaty.
Belli, häkimýet bir neşe,
Süpük bolma mundan gaty!”

Dowamy >>>

14.01.2012 : Goşgular :

Tragediýa

Diňe onuň partiýasy
Jem-jebis edýär milleti.
Ruh berýär ösdürmäge
Şor basan ýurdy gülledip.

Dowamy >>>

14.01.2012 : Goşgular :

Göwünlik

Sen bir düzüw adam bolsaň,
Dürs saýýan bolsaň özüň,
Ynanýan bolsaň ýürekden
Gowulyga, päklige,
Halallyga, aýdylýan,
Haka gulluk etmäge,
Halka gulluk etmäge,
Hemem haka gulluk diýip,
Halka gulluk diýip ilki,
Özüň üçin ylgamasaň,
Etek alty, ýeň ýedi,
Etme kimsä minneti.

Dowamy >>>

09.01.2012 : Goşgular :

Milli howpsuzlyk

Milli howpsuzlyk boşy
Baş edinmek hem daşyna
Beýik haýat galdyryp,
Goramak bolsa başyna
Ýeke kesek gaçyrman,
Bolmazdy beýle arman,
Ahmyr iliň gözünde,
Çyn tapylman sözünde.

Dowamy >>>

09.01.2012 : Goşgular :

Dost hem duşman meselesi

Dostuň bolsa, nirde bolsun, parhy ýok,
Bir obada, bir şäherde, ýa daşda,
Baryp, görüp bolmajak bir ülkede,
Ýa ýürekde ýaşasa, bimahal ölüp,
Ýöne dostuň bolsa, dost bolan bolup,
Ilkinji öwrümde düşüp galmasa,
Maşynyňdan, motoryňdan, tigirden,
Hem yzyňdan daş zyňmasa goşulyp,
Duşmanyňa, özi özüne duşman;
Dostuň bolsa, bir ýa iki, parhy ýok,
Ýöne duşmanyň bolmasa,
Duşmanyň arzyny gaçyrýan hemem
Duşmanyň bolanna etdirýän puşman.

Dowamy >>>

09.01.2012 : Goşgular :

Diktatoryň mirasy

Diktator, ogry, kezzap,
Ölenden soňam gerek,
Güle büräp gabryny,
Goraýarlar yzyny,
Açdyrman kimsä sepin,
Şondan ýaşaýar işi,
Özi bolsa-da depin.

Dowamy >>>

07.01.2012 : Goşgular :

Gabyr rahatlygy

Ol öz açgözlüginden
Ogurlap boşanmady,
Boşanmady daşanyp,
Peşgeş baryn öýüne;
Halta-halta tyllany
Gizläp nire-nirede,
Ýa-da öwdürip özün,
Kitap ýazýan, beýleki,
Şa şahyr, ýene bir zat,
Arasynda şumjaryp:
“Öwmäň-ä meni beýle!”

Dowamy >>>