“Efendim” keseli
Radiodrama
Waka Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda bolýar.
Gelip duran maşynyñ we onuñ açylyp-ýapylan gapysynyñ sesi. Maşyndan düşen kişi gabadynda duran howlusyndan çakan adama ýüzlenýär.
-- Agam, salawmaleýkim!
-- Waleýkimessalam.
-- Agam, men şu taýda bir ýazyjynyñ öýüni gözleýädim.
-- O diýýäniñ şu meñ çykan öýüm bolmaly, size ol öý nämä gerek boldy?
-- Meñ Ýazyjy aga bilen möhüm bir gürrüñim bar...
-- Beh, men kitap sergisine barýadym-da...
-- O-ow, bagyşlañ, agam! Men sizi tanamandyryn, ýöne kakamdan adyñyzy kän eşitdim.
-- Bu ýerde señ günäñ ýok, inim. Men ol telewizorda çykýan ýazyjylardan däl. Gazýet-žurnalda görünmänime-de on bäş ýyl boldy.
-- Segsen ýaşly kakam iberdi meni, sizi gaty sylaýar ol. Agtygyny gaty alada edensoñ...
-- Agtygyna näme boldy oñ?
-- Oñ agtygy meñ oglum, bir ýyl mundan öñ öýerdim. Ýöne ol “efendi” keseline ýolukdy-da...
-- “Efendi” keseline? O nähili kesel-aýt?
-- Aý, bi uzak gürrüñ. Gowusy, siz maşyna münüñ, men sizi gitjek ýeriñize äkideýin hem ýolda içimi dökeýin.
-- Ýör oñ ýaly bolsa. (Maşynyñ gapylarynyñ açylyp-ýapylan sesi, maşynyñ otlanany hem ugrany eşidilýär.)

