Sahypa täzelikleri

21.11.2008 : Goşgular :

Ýardan ýananyñ ýañsysy

Çagalaryny eklemek üçin ýurtdan çykan gelniñ
neşekeş äriniñ gapysynda galdyran ýazgysy.

Oña maşyn, uçar beriñ,
Barjak ýerne ýetsin basym.
Ähli gapa açar beriñ,
Açsyn atan ýaly nasyn.

Dowamy >>>

20.11.2008 : Goşgular :

Diwar

Sen diwara surat çekseñ owadan,
Diwar duýmaz onuñ görkün-görmegin.
Sen diwara surat çekseñ betgelşik,
Diwar syzmaz onuñ kirli dyrnagyn.

Dowamy >>>

04.11.2008 : Goşgular :

Her kim

Emelsiz parodiýaça

Her kim gözi bilen seredýär dünýä,
Ýöne neti bilen görýär ol ony.
Agaçlar owadan baş atýar ýele,
Biri saýa, biri görýär oduny.

Dowamy >>>

03.11.2008 : Hekaýalar :

“Efendim” keseli

Radiodrama

Waka Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda bolýar.
Gelip duran maşynyñ we onuñ açylyp-ýapylan gapysynyñ sesi. Maşyndan düşen kişi gabadynda duran howlusyndan çakan adama ýüzlenýär.
-- Agam, salawmaleýkim!
-- Waleýkimessalam.
-- Agam, men şu taýda bir ýazyjynyñ öýüni gözleýädim.
-- O diýýäniñ şu meñ çykan öýüm bolmaly, size ol öý nämä gerek boldy?
-- Meñ Ýazyjy aga bilen möhüm bir gürrüñim bar...
-- Beh, men kitap sergisine barýadym-da...
-- O-ow, bagyşlañ, agam! Men sizi tanamandyryn, ýöne kakamdan adyñyzy kän eşitdim.
-- Bu ýerde señ günäñ ýok, inim. Men ol telewizorda çykýan ýazyjylardan däl. Gazýet-žurnalda görünmänime-de on bäş ýyl boldy.
-- Segsen ýaşly kakam iberdi meni, sizi gaty sylaýar ol. Agtygyny gaty alada edensoñ...
-- Agtygyna näme boldy oñ?
-- Oñ agtygy meñ oglum, bir ýyl mundan öñ öýerdim. Ýöne ol “efendi” keseline ýolukdy-da...
-- “Efendi” keseline? O nähili kesel-aýt?
-- Aý, bi uzak gürrüñ. Gowusy, siz maşyna münüñ, men sizi gitjek ýeriñize äkideýin hem ýolda içimi dökeýin.
-- Ýör oñ ýaly bolsa. (Maşynyñ gapylarynyñ açylyp-ýapylan sesi, maşynyñ otlanany hem ugrany eşidilýär.)

Dowamy >>>

02.11.2008 : Goşgular :

Iki daýy

Gypjakly daýydan diñe set galdy,
Näme galar babaraply daýydan?
Öweniñki, öñki ýaly, “Mersedes”,
Döweniñki gargyş bormy daga deñ?

Dowamy >>>

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin