Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Hoşlaşyk

“Bagyşla!” diýmekden başga sözüm ýok,
Dolanara, görünere ýüzüm ýok...
Elimden gelmedi jinnek deý haýyr,
Depeler dag boldy, ýer boldy baýyr.
Daşarda busanlañ girdim hatarna,
Günüñ bataryndan dañyñ atarna
Özümi akladym, ýazgardym ili;
“Ol içýär, bu çekýär, pul basýar biri” –
Diýdim-de çekildim göreşden daşa,
Baş goşmaýyn diýdim hapa darkaşa,
Watan däl, päklik däl, zat üçin gurlan,
Gypjyn-gypjyn bolar gulagna urlan,
Ýüzikessir çalnan ýumar gözüni,
Çekiner, üýşener töhmet atylan,
Çekiler dar burça arzan satylan,
Başarsa, daşyrak gaçasy geler,
Başgarak bir gapy açasy geler...

“Bagyşla!” diýmekden başga sözüm ýok,
Dolanara, görünere ýüzüm ýok...
Başarmadym saklap gara çukurdan,
Goýun sürüsi deý sürülen ili.
(Kän boldy egrisi dogry nökerden,
Göreşsiz, tutuşsyz ýazdyrdan bili!)

Kän boldy göz ýuman, gulagyn dykan,
Hem dilini dişden añryk bukanlar.
(Guwanýar pul berip ýokaryk çykan,
Öz ilini badak atyp ýykanlar.)

Soñ iliñ üstünden köpelýär ýörän,
Ýüzünden, burnundan basýarlar gaty.
Çydana diýýärler “Bagtly sen örän”,
Has bagtly “çapan” agaçdan aty...

“Bagyşla!” diýmekden ýok başga sözüm,
Gidip barýan ýaşa dolduryp gözüm...

1998

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin