Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Güjük nämä üýrýär?

Güjük nämä üýrýär, sorama menden,
Ýogsa menem sorag soraryn senden.
Diýerin “Nämüçin molaýar sygyr,
Eşekler aññyrýar yzyny kesmän?”
Kimiñ ýüki ýeñil, kimiñki agyr,
Kim uzyn, kim uzak galypdyr ösmän...

Güjük güjük bolar,
Hojaýyny bor, hojalygy bor,
Ýal iýýän ýerine ýaranjak bolar,
Guýruk bular, ýalt-ýult eder naýynjar,
Açlyk, dilegçilik kiçelder myrtar!..

Güjük nämä üýrýär, sorama menden,
Ol üýrüp özüni görkezjek bolar.
Saklygyny, bekligini mazamlar,
Ýogsa her geçegçiñ ogry däldigin,
Egri däldigin,
Belki, menden, senden bilýändir ýagşy,
Emma üýrer edil çozan deý ýagy;
Her aýdym aýdandan çykmaýar bagşy,
Her aşyk Perhat deý ýassanmaz dagy,
Her güjük it çykmaz, üýreni bilen,
Ýöne umyt etmek gadagan däl-ä,
Belki-de ulalar, agraslanar soñ,
Ýetim guzy ýaly üznüksiz mäläp,
Her gymylda beýle atylyp durmaz,
Çem gelen alyja satylyp durmaz...

Güjük näme özün öldürjek bolýar,
Jabjynýar, urunýar, sorama menden.
Ýogsa ýaman sorag soraryn senden.
Diýerin “Nämüçin suw pese akýar?
Hem barly agaja ýagdyrýarlar daş?”
Kimsäniñ ýüregin haksyzlyk ýakýar,
Kimler göz çykaryp, bejerermiş gaş...

2007

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin