Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Ýat ilde

Her kimiñ öz hünäri bar dünýede,
Her kimiñ öz oñary bar dünýede.
Birleri pul ýygýar, biri gül ekýär,
Birleri gul bolmaýar;
Başgalary bil epýär hem baş egýär,
Kim bolaýsyn, ady başlyk öñünde.
Ýöne hemme adam adam deñinde,
Ady bar, ýaşy bar, agramy näçe,
Bu bir uly mesele däl daşyndan.
Kim aýakdan, kim tanalar başyndan...

Her kimiñ öz hünäri bar dünýede,
Her kimiñ öz oñary bar dünýede.
Birleri bar, ikiñ gürrüñin alyp,
Üçünjä ýetirer, satar dördünjä.
Bäşinjiniñ ýüregini çişirer,
Altynja aşyrar muzduny töläp,
Şat bolar ýedinjiñ ýüregin bulap,
Sekizinjä pitjiñ atar, “Bak maña!”
Dokuzynja diýer: “Görkärin saña!”

Her kimiñ öz hünäri bar dünýede,
Her kimiñ öz oñary bar dünýede.
Biri ownuk gepi ulaldar, yzlar,
Biri başyn ýapyr, jenjelden bizar.
Biri intriga çokunar hak deý,
Biri işlär edil ertir öljek deý,
Çünki ýetişmeli, wagty ýok artyk,
(ýeten barmy işiñ yzyndan ýortup?)
Intriga gullar güler jak-jaklap,
Ýatar agşam intriga gujaklap,
Intriga bilen örer ir säher,
Işe aşyk bolsa, öñünde şäher,
Hem adamlar, tow berilen gurjak deý,
Kelle döwer dünýä baky durjak deý,
Hemem özi ýaşajak deý ömürlik,
Üzüljek bor öý-iş arada gerlip...

Her kimiñ öz hünäri bar dünýede,
Her kimiñ öz oñary bar dünýede.
Bizem, garaz, goşgy ýazan bolýarys,
Hem ýat ilde ýuwaş-ýuwaş ölýäris...

Bergen, 2000.

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin