Arkadan berlen nesihat
“Arkasyna bukul özüñ ýalynyñ,
Belki, özüñçe ýok, ýa ýüregi ak,
Arkasyna bukul başga biriniñ,
Eger ok atylsa, salgansa taýak,
Ilki şoña degsin, degmesin saña,
Nämä gerek iller ýatyrka aýak,
Ýa el goşjak bolmak döwrüñ talabna?!
Goý, başlyklar ezsin, gul ýaly ýaşa,
Iş bolmasa, hammallyk et, ýük daşa,
Ýa-da bukul arkasyna aýalyñ,
Süzme satsyn, gök äkitsin bazara,
Ýa ýurt aşyp, gazanç etsin señ üçin,
Eger-eger zada gysdyrma içiñ!
Arkasyna bukul adam, garantga,
Žurnalist, ýazyjy, parhy ýok, asla;
Işçi, daýhan, alyp-satar, ministr,
Ertir türmä gitjek parahor ýa-da,
Bukul ýeñsesine, görünmez ýaly,
Hemem eger-eger sözüñi diýme,
Ýykylsyn ýa batsyn dünýäniñ saly,
Saklajak, duýdurjak, oýarjak bolma,
Aljak bolma öñün çozan ýagynyñ,
Seniñ ne işiñ,
Gaty gys dişiñ!
Bukul, ogurlyk et başardygyñdan,
Eýgerseñ ulurak, ýogsa kiçiräk,
Bolmanda talaña gözüñi ýumup,
Ogry şärigi bol, hiç zat ellemän,
Galjak bol aman,
Ölmejek bol, han!
Bar maksadyñ iýmek, içmek hem guçmak,
Hemem bir gün artyk saklanmak bolsun,
Akymyñ tersine ätme bir ädim,
Ýele garşy durup buşukma eger,
O biri ne gördi sözüni diýip,
Öldi gitdi ýat ülkede jibrinip;
Beýlekiler enteşip ýör, yzynda
Dogan ýesir, gardaş ýesir, üç arka,
Girjek bolsa, ýarylmaýar ýer darka...
Arkasyna bukul özüñ ýalynyñ,
Belki, özüñçe ýok,
Ýa ýüregi ak,
Birden dişin gysyp saklanlaryny --
Aýtmagy mümkin, uwnup-çydaman,
Onsoñ, bilip bolmaz pelek işini,
Sözden bomba ýasap, turuzsa tupan,
Zynjyr deý sep tutup, birleşse millet,
“Beýle altyn asyr gerek däl” diýip;
Bukul müñ birinjiñ yzyna mäkäm,
Göze-başa düşme ýumuryk düwüp,
Gygyrma ýeñiji belli bolmaka!
Goý, başgalar köpri gursun, geçersiñ,
Goý, başgalar guýy gazsyn, içersiñ,
Iller seniñ bilen deñ bolup durmaz,
Utanarlar, içme diýmezler asla,
Onsoñ nämä gerek daljygyp, haslap,
Ylgap öñe çykmak, köpri, ýol gurmak,
Kime gitmek dogry, kimlere durmak!
Arkasyna bukul özüñ ýalynyñ,
Belki, özüñden pes, ýa-da ýüregi
Señkä görä ak,
Sebäp çäresize başga çäre ýok!”
2000-2007.

