“Protest aýdymlary” kitabyndan : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Sen ýene-de

Sen ýene-de aldatjakmy özüñi,
Powhe söze, görnüp duran añyrsy?
Sen ýene-de oýnatjakmy özüñi,
Aç galjakmy, gargan ýaly tañyrsy?

Sen ýene-de “altyn asyr” gurjakmy,
Mis ýerine geçmän dogan iliñde?
Sen ýene-de daşdan garap durjakmy,
Kuwwat barka, gurbat barka biliñde?

Sen ýene-de goşuljakmy oýnuna,
Ýalançylañ, gülen bolup hikirdäp.
Sen ýene-de ýüp dakjakmy boýnuña,
Syrtmak edip, çeker ýaly ýokardan.

Sen ýene-de düşünmedik boljakmy,
Uly ýalan ýasalýarka münberde?
Ýa ýene-de “bolýada-da” galjakmy,
Aglajakmy içen günüñ möññürip?

Sen ýene-de ýöretjekmi ýüzüñden,
Gonjy uzyn hapa ädik geýene?
Ýene yza çekiljekmi özüñden,
Är diýjekmi il rysgyny iýene?

Sen ýene-de garaşjakmy başganyñ,
Seniñ üçin göreşerne, ölerne?
Sen ýene-de daşlaşjakmy “daşlany”,
Garşy durup, azatlygyñ gelerne?

Sen ýene-de satyljakmy bir pula,
“Aý, nädeýin, men bir neme-nememi”?
Sen ýene-de gul boljakmy bir gula,
Sen ýene-de ýandyrjakmy eneñi?

21-nji iýul, 2008.

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin