“Protest aýdymlary” kitabyndan : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Sen gorkajyk

Sen gorkajyk, saman astyndan suwy
Emaý bilen goýbermäni öwrenen.
Ýüze bir zat diýýäñ, ýeñseden başga,
Her kim meger ogly bolýar döwrüniñ.

Sen akylly, öz nepiñi bilýärsiñ,
Kisäñe bek, ýöne bek däl diliñe.
Herne bolsa öz aşygyñ sülýärsiñ,
Emel ýetse ýa ýetmese eliñe.

Begenýäñ başgalar urlup-sögülse,
Hem begenjiñ gizläp bileñok gaty.
Diýýäñ “gynanaýdym” birisi ölse,
Ýylgyrýañ biriniñ büdrese aty.

Sen neneñsi gowusyran bolsañ-da,
Adamlar görýärler içiñi daşdan.
Sen neneñsi dogrusyran bolsañ-da,
Adamlar saýgarýar dolyny boşdan.

Sen neneñsi ýuwunsañ-da sabynlap,
Adamlar bilýärler hapany, kiri.
Ýürek sap bolmasa, boş täret gylmak,
Goramaz jezadan jeññeliñ güri!

Öz ýanyñdan haýat aýlap daşyña,
Gönümelem bolman käbiri ýaly;
Käte görýän, belent tutup başyñy,
Ýörän bolýañ çişip, dolduryp ýoly!

Sen seresap, çep bolañok çep bilen,
Has añyrdan aýlanýarsyñ, gülýärsiñ.
Öz-özüñi aklaýarsyñ gep bilen,
Öz ýanyñdan bir kemissis ölýärsiñ...

2002

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin