“Protest aýdymlary” kitabyndan : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Ili neneñ bolsa

Ili neneñ bolsa, şeýle bolar han,
Il neneñ jaýlasa, şeýle öler han.
Hana görä bolar iliñ gülküsi,
Gitse geler ýene edil öñküsi,
Belki ondan beter mahsus iline,
Jarlar laýyk bolar akan siline...

Ili uzyn bolsa, uzyn bolar han,
Ili kelte bolsa, keltejik bolar,
Ili gyzgyn bolsa, gyzgyn bolar han,
Ili çyra bolsa, peltejik bolar.

Gökden ýa asmandan inmeýär hanlar,
Hanlary dogurýar milleti, ili.
Eger iller dogurmasa öz hanyn,
San diýip boýnuna atýarlar bili,
Başy bekemedik hançany tapyp,
Hansyz millet ony oturdýar gapyp,
Depesinde, eline berip dürre,
Hem meni mün diýýär edinip kürre.

Ili neneñ bolsa, şeýle güler han,
Hana görä bolar iliñ agysy.
Ili neneñ ölse, şeýle gömer han,
Ile görä bolar hanyñ dogasy.

Hany ogry bolsa, ogrusy artar,
Han ýalançy bolsa, ýalan bolar kän,
Hany dogry bolsa, dogrusy artar,
Hany çynçy bolsa, çynçy bolar kän,
Muny bilmek üçin beýle akylly,
Ýa üşükli bolmak gerek däl hökman...

Iýul, 2008.

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin