Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Bitmedik dileg

Ogry, parahor, žurnalist
Mekgä gitdi tirkeşip.
Hökümetiň uçarynda
Ýer bolmady her kişä.

Eli halal, göwni halal
Galdy ýene öňki deý.
Dileg etdi gidenlere,
Toba gerler, belki-de.

Ogry, parahor, žurnalist
Hajy bolup dolandy.
Soň ýuwdular, arak-şerap
Hem beýleki bol boldy.

23-nji oktýabr, 2008.