Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Watan serheti

Serhet açyk heroine, zähere,
Emma açyk däl maňa.
Serhet açyk her egriýe, her şere,
Emma açyk däl maňa.

Ony goraýarlar eli ýaragly,
Gara sanaw düzüp, gelip-gitjege.
A men ýaşdym, saklan diýip gygyrdym,
Keýp çekjek bolup ölüp-ýitjege.

Serhet açyk, iş adamy, alçajyk,
Alym bilen, berim bilen şärige.
A men ýaşdym, dilime bek bolmadym,
“Beýtmäliň-ä!” diýdim Muzaň ärine.

Serhet açyk, ha neşe sat, ha adam,
Eliň açyk bolsa, ýoluňam açyk.
Gümrükçi, serhetçi – türkmen oglanlar,
Eliň açman nirä gidersiň gaçyp?

Ýöne diliň açma, dişden aňyrda,
Ýedi däl-de, ýetmiş gulply sakla.
Serhet açyk, näme getir, ne äkit,
Eliň açyk bolsa, bolarsyň hakly.

Serhet açyk, tirýek getir, heroin,
Ýa-da SPID, hakyny ber, ötüber.
Emma meniň üçin açyk däl serhet,
Hemem entek-entek boljak däl, meger...
11.01.09.