Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Aksioma

Iliň ýüreginde ölse adalat,
Ýa ynam bolmasa ýeňjegne onuň,
Adalaty gorap saklap bilmersiň,
Hemem ynanmarsyň geljegne onuň.

Iliň ýüreginde ölse hakykat,
Ýa ynam bolmasa bardygna onuň,
Hakykaty subut edip bilmesriň,
Köseneniň galar örtenip, ýanyp.

Iliň ýüreginde ölse halallyk,
Ýa-da galan bolsa dil ujunda täk,
Halallar haramdan gaçmaly bolar,
Hemem öler gider ýat ilde entäp...

8-nji aprel, 2009.