Goşgular :

Eýran-Turan betbagtçylygy

Sesi ogurlanan halk
“Sesim nirde?” diýip sorasa bozgak,
bulagaý bolýar.

Ony taýak bilen urýarlar ilki,
gaty gitse, tüpeň bilen atýarlar;
tussag, ýesir ýaly tutýarlar halky,
il bähbidin iki şaýa satýarlar.

Iň ýokaryk çykan iň uly ogry,
muny hemme bilýär, çünki gizlin däl.
Soň uly ogrular şoň gyzy, ogly,
dogan-garyndaşy geýýär ýüpek şal...

Içki ýaralary ganaýar iliň,
ýalan sandan doýgun, emma garny aç.
Ýokardan bellenen çapýar milleti,
işli-işsiz galýar garyp hem gallaç.

Emma sesi ogurlanan
“Sesim nirde?” diýip sorasa bozgak,
bulagaý bolýar.
Şeýdip Eýran, Turan yza zyňylýar.

27-nji iýun, 2009.