Goşgular :

Men ýurdumy köp küýsedim

Sowuk ýeller ösýär munda,
ýogsa güneş gülýär ýüzňe.
Megerem men çogly Günüm
söýdüm aşa düşüp üzňe...

Çeh goňşym ýylgyryp diýýär:
“Çydar ýaly däl bu yssa!”
Men diýýärin: “Hasam gyzsyn,
sebäp Günsüz boldum hassa.”

Ýagyş ýagsa ýüzi gülýän,
arçalarym ejizleýär.
Men olary suwarýaryn,
emma olar hiç doýmaýar.

A men doýamok Güneşden,
öň ýanyp bolsamam kişde.
Men ýurdumy köp küýsedim,
sebäp gidýän diňe düýşde...