Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Arslan hem adam

Arslan hakda, demir kapasa salnan,
gör, näçe ýazyldy Danteden bäri.
Okasaň, dözeňok ýesir halyna,
hem diýýäň ölen ol, bolsa-da diri.

Arryldysy ala daglara düşen,
jeňňelleriň şasy beripdir ýanyn.
Porsy jaýda otyr siňege çümüp,
kaýyl ýaly, garaz, saklasa janyn.

Arslan gözlerinde ahmyr hem arman,
baky çöküp galan, gary deý dagyň.
Gerşinde ot gorsan uzakçyl gamçy,
bezäpdir gan bilen gözüniň agyn.

Arslan hakda, erki elinden alnan,
Danteden soň ýazmak bolupdyr moda;
Ýöne arslan nire, sen nire, adam,
ýandym diýme eliň çirkizmän oda...

1-nji sentýabr, 2009.