Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Hyýalbentlik

Käte syýahatdan gelýäs-de diýýäs:
“Walla, pylan, pylan ýerlerde boldum!”
Köp gezsek, köp görsek, eglen başymyz
galan ýaly bolýar deňine bulduň.

Ýöne uzak gitmän düşüşýär ýürek,
göreniň, eşdeniň çykyşýar ýatdan.
Durmuş bir ýel ýaly, a biz batbörek,
uzaga ymtylýas düşürlip atdan...

10-njy sentýabr, 2009.