Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Dagyň eteginde agaç ekipdim

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
depipdim düýbüni mum-helim edip.
Arka berip oturjakdym astynda,
ýetim goýjak däldim ýat ile gidip...

Dagyň eteginde döküpdim derim,
ýetişip gelýärdi üzümli mellek;
Uly däldi, emma bardy meň ýerim,
daşyn çöpläp hezil ederdi ellem.

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
suwarypdym arkam bilen suw çekip;
El uzadyp, miwe üzjek şahalam
gol bulap galdylar gidemde çykyp...

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
yzymda guranyn eşitdim bir gün;
Soň meniň ýerimi berdiler başga,
gutarmajak ýaly göründi sürgün...

Dagyň eteginde agaç ekipdim,
çagam bilen oýnajakdym astynda;
Biz adam gürrüňin edýäris käte,
agaja-da eýgilik ýok asgyndan...

8-nji oktýabr, 2009.