Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Tapawut

Papak geýip ýalan sözleýän bilen
selleli ýalançyň tapawudy nä?
Sakgally hem donly ýaranjaň bilen
penjekli çemeçiň tapawudy nä?

Tapawudy näme türmede ölen
hem indi ölmeli iki ogrynyň?
O birini ses-sedasyz jaýlarlar,
beýlekisi donun geýer dogrynyň.

Tapawudy näme, atly galtaman,
maşynly, uçarly, tankly ýa-da?
Birisi gyssanmaç, gorkuly çapar,
beýleki çapmagy öwürer kada...

7-nji noýabr, 2009.