Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Her gün

Her gün säher, öýlän, agşam
adam özün gözlemeli, tapmaly,
tapjak bolmaly bolman,
kim bilen, nirede, näme işleýär,
nämäniň yşkynda, nämä ynanýar,
nämä janyn ýakýar, ýakmaýar ýa-da,
nämüçin harç edýär ýeke ömrüni
gaşyn çytman, oýlanman?

Ol özüni tanaýarmy, bilýärmi,
ýa özge birine akyl berýärmi,
öz-özünden razymy, gedemmi,
görýärmi özüne näme edenni,
ýa diňe özgäniň aýbyn görýärmi?

Her gün säher, öýlän, agşam,
adam özün gözlemeli,
hem özünden soramaly,
dogrymy barýan ýolum?

25-nji fewral, 2010.