Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Päliň gözi bilen seretseň

Bir adam bolmasa patyşa hemem
Ýalan söze mätäç howadan beter,
Oň ýerine kanun bolsa bir ilde,
hem adam adamdan etmese heder
Dogry sözi ýa-da pikiri üçin,
Gulçulyk agajy guraýar, solýar,
Gul eýesi gidýär gaçyp ýa göçüp.

Bir adam bolmasa patyşa hemem
Kanun bilen kada bolsa bir ilde,
Soňky keýik kowalanmaz Jeep bilen,
Soňky ördek gark bolmaz şor kölde,
Bir mahluk bolmasa patyşa, walla,
Diňe aýal-oglan-uşak, garry däl,
It-pişigem patyşa deý ýaşaýar,
Muny göz däl, görýär belki niýet-päl...

3-nji iýul, 2010.