Goşgular : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Beýni hem päl

Çykar, galdyr beýik dagyň başyna,
Ýa uçar, gamili görkez dünýäni,
Adam hiç zat görmez, bilmez, düşünmez,
Ýapyk bolsa beýni atly otagy,
Gapysyna gulp urlan mysaly.
Ýa-da wezipe ber, at-dereje ber,
Doktor diý, alym diý, diý ýene köp zat,
Adam hiç zat bilmez, aňlamaz, duýmaz,
Ýa-da bilenini puç eder päli.

26-njy iýul, 2010.