“Hormatly” bir diýmäň
Adymyň öňünden “hormatly” diýen sözi goýup, hat ýazan ildeşe
“Hormatly” bir diýmäň maňa,
Şuny gaty edýän haýyş!
Sebäp “hormatly” diýen söz
Sögünç ýaly boldy paýyş.
“Ak” diýilen “gara” ýaly,
“Dag” diýseler “çukur-sukur”;
“Beýik” diýip gygyrsalar,
Peslik hakda edýän pikir.
Arada bir özüm ýaly,
Ýurtdan gaçan duşdy ýolda.
“Niçik?” diýdim, “Ker bolsadym,
Eşitmezdim – diýdi - walla.”
“Kör bolsadym, görmezdim hiç,
Güň bolsadym, bilmezdim hiç;
Bilen bolsam beýledigin,
Bu jahana gelmezdim hiç!”
Gör, her ýerde “ilim” diýip,
Näçe ynsan ýanyp-bişýär?
“Hormatly” bir diýmäň maňa,
Hapa zat ýadyma düşýär.
20-nji ýanwar, 2012.