Makalalar : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Ol özüniñki däldi!

Mahmut Derwüş (1941-2008) hem onuñ goşgulary hakda ol heniz dirikä hiç zat aýtmanyma gaty gynanýaryn. Ýöne hiçden giç ýagşy. Şahyryñ ölümi, onda-da ulus iliñ ýürek derdini dünýä ýaýan şahyryñ ölümi onuñ sadyk okyjylaryny başga aladalaryny birsellem gyra süýşürmäge hem-de ondan galan ýürek sözlerine ýene bir gezek gulak asmaga mejbur edýär.

Eger-de sen ýagyş bolmasañ, janym,
Miwesi egsilmez agaç bol uly,
Agaç bol
Eger-de sen agaç bolmasañ, janym,
Daş bol ýeriñ yzgaryna çygjaran,
Daş bol
Eger-de sen daş bolmasañ, heserim,
Aý bol arzuwynda söýgüli gelniñ,
Aý bol
(Diýdi aýal öz ogluny laýlanda.)

Meniñ Mahmut Derwüşiñ goşgulary bilen tanyşlygym sekiz ýyl çemesi öñ, Norwegiýanyñ Bergen şäherinde ýaşaýarkam başlanypdy. Kerkukly türkmen Ibragim bilen telewizor görüp otyrkak arap telekanallarynyñ birinde ýüzlerçe, belki-de müñ gowrak adamyñ öñünde goşgy okap duran şahyryñ üstünden bardyk. Ibragim maña onuñ Mahmut Derwüşdigini, arap dünýäsiniñ iñ meşhur häzirki zaman şahyrlarynyñ biridigini aýtdy. Onuñ nähili şahyrdygyny añlamak üçin arap diline düşünmek hökman däldi. Goşgy diñlemäge gelen adamlar, aýal-erkek, garry-juwan diýmän, edil jadylanan ýaly, onuñ agzyna añkaryp, doñup galypdylar. Şol “tanyşlykdan” soñ men Mahmut şahyryñ okyjylarynyñ biri boldum we internetde onuñ iñlisçä geçirilen goşgularyny tapyp okamagy tasdan endik edindim.

Palestin prezidenti Mahmut Apbas 10-njy awgustda beýik şahyryñ ölümi sebäpli üç günlük ýas yglan edende “Mahmut Derwüşiñ ýoklugy biziñ medeni, syýasy we milli durmuşymyzda ägirt uly boşluk galdyrar” diýdi. Bu boşluga kaýyl bolmak onuñ goşgulary bilen ýaşan adamlar üçin nähili agyr!

Mahmut 1941-nji ýylda häzir demirgazyk Ysraýyla degişli bir arap obasynda dünýä inýär. Ýewreý döwletiniñ döredilmegi bilen dörän uruş zerarly, 1948-nji ýylda ol maşgalasy bilen ýurdundan gaçýar. Emma olar birnäçe ýyldan yzlaryna dolanyp gelýärler. Derwüş Ysraýyl döwletine örän tankydy garaýar we 1960-njy ýyllarda birnäçe gezek tussag edilýär. Onuñ ilkinji goşgular ýygyndysy – “Ganatsyz Guş” kitaby hem şol döwürde çykýar. 1970-nji ýylda Mahmyt ýurdundan çykyp gidýär we Parižde, Moskwada, arap paýtagtlarynyñ birnäçesinde ýaşaýar.

Mahmut Derwüş 1988-nji ýylda Palestinanyñ resmi garaşsyzlyk jarnamasyny ýazýar we Palestin Azat ediş guramasynyñ başynda duranlaryñ biri bolýar. Ýöne 1993-nji ýylda baglaşylan Oslo ylalaşygyna protest hökmünde ol bu işden çekilýär. 1995-nji ýyldan bäri ol Ramalla şäherinde ýaşaýardy.

Mahmut Derwişüñ eserleri diñe araplaryñ däl, eýsem ýewreýleriñ arasynda-da öz okyjylaryny tapýardy. Muny Ysraýylyñ magaryf ministri Yossi Saridiñ 2000-nji ýylda Derwişüñ eserlerini ysraýyl mekdeplerinde okatmagy teklip etmegi hem tassyklaýar. Emma premýer ministr Ehud Barak Ysraýylyñ mekdep sistemasynyñ entek Derwüşüñ ideýalaryna taýýar däldigini aýdyp, onuñ goşgularynyñ ysraýyl mekdep programmasyna girizilmeginiñ öñüni alýar. Derwişüñ kyssa hem goşgy kitaplarynyñ sany 30-dan aşýar, onuñ eserleri dünýä halklarynyñ 35-siniñ diline terjime edildi. Eger şahyr, ýazyjy hakynda gürrüñ edilende, onuñ alan baýraklary hem agzalmaly bolsa, 25 ýyl töweregi ondan-oña göçüp ýaşan Mahmut Derwüş bir topar edebi sylaga mynasyp bolýar. Emma meniñ üçin ol sylaglar esasy zat däl. Mahmut Derwüş bir goşgusynda “Men özümiñki däl!” diýip ýazypdy. Meniñ üçin onuñ özüni iline, il derdine bagyşlamagy hem bu kyn wezipede soñuna çenli, hatda keselhana düşeginde hem işlemegi! Dogrusy, Mahmut Derwüş şeýle-de etmelidi. Sebäbi hak şahyrlar özüniñki bolup, özi üçin ýaşap hem durmuşyñ hezilini görüp ötüp bilmeýärdi. Ol iki gezek öýlenipdir, emma ondan zürýat galmandyr. Megerem çyn şahyryñ zürýatlary onuñ setirlerini ýüreklerine ýazýan sadyk okyjylardyr! Mahmut şahyr öz ýürek sözüniñ muşdaklaryna öz kalp hem beýni zürýatlaryny – goşgularydyr kyssa eserlerini goýdy. Indi olary ömrüni beýik şygra hem şol şygryñ üsti bilen öz halkynyñ azatlygyna bagyşlan şahyr bilen bile ýüregine ýazmak okyjylaryñ işi. Belki-de bir nesibeli gün biz onuñ goşgularyny türkmen okyjylaryna hem elýeterli edip bileris...

Ýatan ýeriñ ýagty bolsun, Şahyr!

Praga, 14-nji awgust, 2008.

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin