Makalalar : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Satyn alnan nadanlyk

Annanyýaz baýyñ agtygynyñ ýokary okuw jaýlarynda para-peşgeşçiligiñ kök uranlygy barada eden çykyşy maña bireýýäm bat alan otlynyñ yzyndan arkasy ýükli ylgap ýetjek bolýan garynlak adamy ýatlatdy. Ýöne bu birbada şeýle boldy. Soñ men bu gürrüñiñ ahyry döwlet derejesinde edilip başlananyna, iñ bolmanda problemanyñ boýun alnanyna, bir zatlaryñ üýtgemegine hem düzelmegine sebäp bolaryndan, mundan öñki möhüm meselelerde bolşy ýaly, ertir häkibir gürrüñ bolup galmagynyñ gaty ýakyndygyna garamazdan, herhal gozgalanyna begenmän durup bilmedim. Hawa, indi Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okuwyñ derejesi, ýaşlaryñ para-peşgeş bilen okuwa girişi hem para-peşgeş bilen okaýşy barada gürrüñ edilende, türkmen ýolbaşçylary bizi keseden gum sowurmakda aýyplap bilmezler. Eger aýyplaýanlarynda-da, sesleri ysgynsyz çykar. Ýöne gumy kimiñ sowurýanlygy, ýagny kemçilikleri aýtmaga synanyşýanlaryñmy ýa-da aýtdyrmajak bolýanlaryñ, ýaşyrýanlaryñ sowurýanlygy, ünslüräk seredilse, her kime-de aýandyr. Emma gep diñe munda-da däl ahyryn. Gep türkmen ýolbaşçylarynyñ, hususan-da Türkmenistandaky ýeke-täk hökümdaryñ bireýýämden ýakasyny tanadan çüýrükliklere, çagalara, ýaşlara döwrebap bilim bermek ýaly iñ bir derwaýys meselelere baş galdyrmazlygy, keseden we gapdaldan aýdylýan adalatly tankyda ýurduñ üstünden gum sowurmak, ili bulajak bolmak diýip baha bermegi we birdenem bireýýäm ötüşen meseläni ýañy gören ýaly bolup gykylyk turzuşy barada barýar. Ýa-da prezident şeýtmek bilen syýasy babatda bir zatlar utýandyryn öýdüp pikir edýärmikä? Ýa-da bolmasa, Oba hojalyk institutynyñ mundan bäş-alty ýyl ozal işden aýrylmaly rektory Baýram Balakaewi dynç alşa ugradyp, ýañy bellenen bilim ministri Aşyr Orazowa “Sen nirä seredýäñ?” diýip gygyryp, mesele çözýändirin öýdýärmikä? Bu gürrüñler bu ýerde galsyn, biz biraz yza, Türkmenistanyñ prezidentiniñ bilim syýasaty diýilýäniñ gözbaş alan ýerlerine göz aýlalyñ. Sebäbi bu mesele, eýýäm garaşsyz Türkmenistanda adat bolşy ýaly, her ýylyñ tomsunda, ýagny ýokary okuw jaýlaryna okuwçy seçilýän döwürde çalarak bir tozan turzup goýulmaly mesele däl. Türkmeniñ ýurdunyñ geljegi hem, ösüşi hem, belki, şu günki heläkçilikli çukurdan çykmagy hem bilim-düşünjä, çagalara berilýän sagdyn sowada hem ýokary okuw jaýlaryndaky aýylganç heläkçiligiñ ýeñlip geçilmegine bagly bolar.

Dogrusyny dogry aýtmaly, Türkmenistandaky sosial-ykdysady hem syýasy krizis gelip, ilki bilen, ylym-bilime zarba urdy. Oba hem şäher ýerlerindäki mekdepler, wagtynda remont hem serenjam görmän, sowet-propaganda kinolaryndaky üstünden uruş geçen obalaryñ jaýlaryny ýatlatdy. Mugallymlar iñ horaşaja geýinýän adamlara öwrüldiler, çagalar sapak wagtynda açlykdan ýykylyp başladylar. Iñ ýamany bolsa, sagdyn bilim diýen düşünjäniñ ýerini boşluklar, täze dörän serdar baradaky pöwhe gürrüñler bilen doldurmak syýasaty başlandy. Mekdep programmasyna Kakamyrat Ballyew, Gylyçmyrat Kakabaew ýaly köşk ýaranjañlarynyñ döredijiligini öwrenmek girizildi. Şeýlelikde, şu günki türkmen jemgyetçiliginiñ iñ agyr derdi bolan bilim meselesindäki dik ýapaşak ýa-da dik başak gaýtmalar 91-92-nji ýyllardan örç aldy. Ondan ozal, her näme diýilse-de, garaz bir ýapyşalga, öñki sowet döwründen gelýän kada-kanunlar hem dünýä standartlaryna biraz ýakynlaýan mekdep programmasy bardy. Mekdeplerde şol programma geçilýärdi, mugallymlara aýlyk-günlük wagtynda berilýärdi we bu günki derejedäki ýetde-gütdelik ýokdy. Köp sanly garyplaryñ çagalary gara çörege dañlyp, az sanly baýlaryñ çagalarynyñ “Snickers” zyñşyp oýnajagy o mahal ynanylmajak ertekidi. Galyberse, sowet Türkmenistanynyñ ylmyna hem medeniýetine önjeýli goşant goşan adamlaryñ ählisi diýen ýaly şol öñki sowet mekdeplerinden çykypdy. Ol mekdeplerde türkmeniñ öz içinden çykan we öz işine berlen mugallymlaryñ müñlerçesi işläpdi hem türkmen çagalaryna bilim beripdi. Şol mugallymlaryñ zähmeti netijesinde-de ählumumy sowatlylyk, giñ düşünjelilik diýen ýaly beýik maksada tarap uly ädimler ädilipdi. Mekdeplerde gowy bilim alyp, soñ okuwyny dowam etdiren we ýurduñ görnükli adamlary bolup ýetişen birwagtky mekdep okuwçylary hem, wagtynda mugallymlaryñ diýenine ýeterlik gulak asmadyk okuwçylar hem soñ öz mugallymlaryny diñe ýagşylykda ýatlamagy adat edinipdiler. Bu eýýäm şol mugallymlaryñ ömür beren işiniñ nesiller tarapyndan ykrar edilmesidi. Sebäbi ol mugallymlaryñ her gün sapakda gaýtalan “Bir okana bar, birem dokana”, “Bilimsiz birini ýykar, bilimli müñüni” diýen ýaly sözlerini, çagalaryñ ýüregine hem beýnisine guýan gowulyklaryny, haýyr işiñ, adalatyñ tarapynda bolmak baradaky ynançlaryny iñ beýik sudýa bolan wagt tassyklaýardy. Gowy okan çopan ogullarynyñ ministrlige çenli ösüp ýetişmegi, kinoçy, ýazyjy, alym bolup ýetişmegi şol tassyklamadan alamatdy. Durmuş gözüñ alnynda özgerip, ösüp barýardy. Her kim näme diýse-de, öz ummasyz kän sanly ýetmezleri, zalymlyklary, sistema çüýrüklikleri bilen bilelikde, sowet döwrüniñ sadadan beýik mekdep mugallymlarynyñ bolandygyny, olaryñ giden sowet territoriýasynda iñ ullakan rewolýusiýanyñ, añ öwrülişiginiñ bolup geçmegi üçin baza taýýarlandygyny, bu işiñ ullakan gahrymançylyga barabardygyny inkär edip bolmaz. Gaýta bu gahrymançylygy, çagalara bilim-sowat bermek ýaly beýik işi hiç bir baýlyk, hiç bir orden-medal hantama bolman amala aşyran adamlara, türkmeniñ oba hem şäher ýerlerindäki gojalan mugallymlara, şol gojalan mugallymlaryñ beýik işini dowam edýän hem öz maksadyndan, çagalara halal bilim we sagdyn düşünje bermekden ýüz döndermeýän gujurly mugallymlara sagbolsun aýtmaly. Sebäbi olar mekdebi baýlyk toplamak ýa gymmat maşyn münmek üçin saýlap almandylar, sowatly hem düşünjeli nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly beýik işe goşant goşmak üçin saýlap alypdylar /meniñ şuña ynansym gelýär/. Emma bu beýik maksady püçege çykaran zatlar welin näçe diýseñ bolupdy. Şol ýaramazlyklaryñ biri hem bu gün gojalan mugallymlaryñ hiç kim tarapyndan idelmezligidir, olaryñ bitiren beýik hyzmatynyñ unudylmagydyr. Bu bolsa öz gezeginde şol halal mugallymlaryñ işini dowam etdirmeli mugallymlar nesliniñ elini işden sowatdy, olar mekdeplerde hallyñ-sallyñ işläp başladylar, söwda-satyga, günlükçilige, talabanlyga ýüz urdular. Şeýdibem mekdep işi, iñ beýik iş on üçünji derejeli zada öwrüldi. Onsoñ, “Ylym-bilim gaýtgynlygynyñ başy jemgyetiñ mugallymlara garaýşynyñ netijesidir” diýýänler bilen ylalaşaýmak galýar. Eger türkmen jemgyetçiligi mugallymlara şeýle biparh garamadyk bolsa, diýmek, özüne hem öz çagalaryna, olaryñ bilim-düşünjesine şeýle başdansowma garamadyk bolsa, beýle-beýle pesliklere düşülmezdi. Galyberse, bu ýerde mugallymlaryñ professional derejesi barada-da iki agyz söz aýtmaly. Mälim bolşy ýaly, milletiñ intellektual potensialy we saglygy mugallymlardyr wraçlaryñ elinde. Aýdaly, ozalky SSSR-iñ Russiýa federasiýasy diýen böleginde wraçlardyr mugallymlar öz-hak-hukuklary ugrunda göreşmäge çalyşýarlar. Juda bolmanda aýlyklarynyñ wagtynda berilmegini talap edýärler. Emma türkmen wraçlarydyr mugallymlary, alymlary barada muny aýdyp boljak däl. Bizde, her näçe gynansak-da, häkimiýetiñ edenine kaýyllyk we professional borçlara göz ýummak häsiýetli. Aýdaly, mugallym öz işini bilýär, emma işlemelisi ýaly işlemeýär. Sebäbi oña jemgyet garamalysy ýaly garamaýar we ş.m. Bu sebäp-bahanany wraçlardyr alymlar barada-da, beýlekiler barada-da aýtmak bolar. Onsoñ ikarada professionalizm köýýär. Mugallym okuwçyny okatmalysy ýaly okatmaýar, wraç näsagy bejermelisi ýaly bejermeýär, alym açyş etmelisi ýaly açyş etmeýär. Iñ ýamany bolsa, okuwçynyñ bilim-düşünjesi bilen gyzyklanmakdan geçen, mugallym ondan para-peşgeş alyp başlaýar. Wraç näsagy talamak hem soýmak bilen meşgul bolýar. Alymlar artdyrap ýazýarlar, göz boýaýarlar. Netijede, wagtynda mekdepde hem ýokary okuw jaýynda bilim-düşünje almadyk ýaş adam jemgyetiñ boýnundan agyr ýük, kähalatda bolsa, uly wezipe eýeläp, dynyp bolmaz musallat bolup inýär.

Elbetde, häzirki zamanda bisowat hem uly wezipeli adamyñ jemgyetiñ başyndan nähili külpetleri inderip bilýändigini düşündirip oturmak gerek däl. Muña indi hemmeler düşünýärler ýa-da düşünmegiñ öñ ýanynda durlar. Ýöne bu ýerde käbir düşündirişler hem artykmaçlyk etmez öýdýäris. Aýdaly, bir öýüñ neşekeşi ýa arakkeşi görenden karz pul alýar hem gurgun maşgalany bergi-borja batyrýar, iliñ gözünden düşürýär. Netijede, aýaly hem çagalary atalarynyñ bergisini üzmeli bolýar, kyn günlere galýar. Jemgyýetde beýle adamlara gutaran adam hökmünde garalýar. Olary öz aýalynyñ we çagalarynyñ ömrüni iýen adam diýip näletleýärler. Gutaran adam bilen hiç kimiñ iş salşasy gelmeýär we ondan hemmeler gaça durýar. Uly wezipeli bisowat adam barada-da hut şuny aýtmak bolar. Beýle adamlar, ilki bilen, öz işlerini bilmeýärler we öz ýerlerini iş bilýänlerden gabanýarlar. Basybilmez ýagylary iş bilýänler, professionallar bolýar. Ikinjiden bolsa, olar bijaý şöhratparaz hem ruhy göýdük bolýarlar. Öz bisowatlyklary hem göýdüklikleri bilen ähli ediljek gowy işe päsgel berýärler. Netijede, ozaldan gurgun, baý jemgyýet hem gysga wagtyñ içinde tozgunçylyga, gedaýçylyga düşýär. Emma bisowatlar öz ýalñyşlaryny ýa ukypsyzlyklaryny boýun almaýarlar. Olar jemgyýeti ýalançylyga, öz-özüñi aldamaklyga, umyt-arzuw, boş hyýal bilen ýaşamaklyga mejbur edýärler. Munuñ aýdyñ mysaly hökmünde öñki sowet respublikalarynda, şol sanda Orsýetde daşardan maýa goýumlaryny çekmek, ýagny kredit, karz pul almak syýasatynyñ ýörgünli bolandygyny görkezmek ýeterlikdir. Sebäbi ol ýa-da beýleki derejedäki karz pul, kredit, biziñ pikirimizçe, ýeterlik jogapkärçilik duýulmasa, heniz gazanylmadyk serişdäni ýele sowurmak, heniz ýaşamadyk ömrüñi iýmek, geljegiñi symyşlamak diýen ýaly bir zat bolup çykýar. Şeýle-de kredit diýlip alynýan pullaryñ köplenç nirä we näme üçin sarp edilýändigini bilip bolmaýandygny, aýdaly, halkara uçar meýdanyny gurmak üçin karz pul alnanda, “Näme, uçar meýdanynyñ diwarlaryna gyzyl çaýdyñyzmy, çykdajysy gaty çökder boldy-la munyñyzyñ?” diýen ýaly soraglary döredýän ýagdaýlaryñ bolýandygyny, emma ylym-bilime gezek gelende millionlap dollaryñ däl, sentiñ hem gysganylýandygyny gepiñ gerdişine aýdan ýagşy.

Biziñ bu gürrüñimize Türkmenistanda gurjak ýaly owadan ymarat gurlup, onuñ hem Golýazmalar institutyna (elbetde, Nyýazow adyndaky) berlendigini aýdyp garşy çykmaklary ähtimal. Emma bu ymarat Türkmenistanda ylym-bilime garalmalysy ýaly garalýandygyny añladyp bilmez. Tersine, bu ylym-bilime garaýşyñ taryhy, gadymy medeniýeti ýüze perde edinmek hem şu günki problemalardan ünsi sowmak bilen garjaşdyrylýandygyndan alamatdyr. Mekdepleri hem ýokary okuw jaýlaryny serdary wagyz etmek programmasyna barha berk baglaýan hem mugallymlardar alymlary bokurdakdan bogýan hökümet, çuññur syýasy-ykdysady krizise düşen hökümet ylym-bilimi goldabam, höweslendiribem bilmez. Bu her kime-de düşnüklidir. Ol muny, birinjiden, ykdysady mümkinçilikleriniñ barha çäklenýändigi, hatda mugallymlardyr wraçlara aýlyk bermäge-de gurbunyñ ýetmeýändigi üçin edip bilmez. Ikinjiden bolsa, ýurdy dolandyrmaga ukypsyz bolup çykan we hemme babatda ýalñyş syýasat alyp baran hökümet ylym-bilimi goldasa, öz ýalñyşyny bilýän hem emele gelen agyr ýagdaýdan çykalga tapyp biljek düşünjeli adamlary öñe çykarar. Bu bolsa onuñ hiç wagt edip bilmejek zadydyr. Ine, hut şu ýerdenem çüýrüklik başlanýar. Ýöne-möne çüýrükligem däl, aýlanyp-dolanyp, barha we barha çuñlaşýan çüýrüklik. Jemgyet öz bisowatlygy bilen bisowatlygy goldaýar we ahyrynda şol bisowatlygyñ gurbany bolýar. Sebäbi onuñ ýetişdiren bisowatlary hem ertir öz bisowatlaryny ýetişdirýärler we bisowatlyk şeýle bir derejelere baryp ýetýär, hatda ondan ony ýetişdirenleriñ özleri hem gutulyp bilmeýärler.

“Halkyñ huşy kelte bolýar” diýseler-de, Türkmenistan sowet sosialistik respublikasynyñ ýetmişinji ýyllaryndaky pagta plany hem artdyryp ýazmalar türkmenleriñ ýadyndan çykaýandyr öýdemok. Şol ýyllardanam ýokary okuw jaýlaryna para berip ýa tanyş üsti bilen girmek ýoñ boldy. Köne türkmenleriñ “Berim gökden ýol ýasar” diýenleri çyn bolup çykdy. Nirede bir çöññeler, häzirki zaman dili bilen aýdylanda bolsa, mekdepde okan döwründe ikilikden gözi açylmadyklar ýokary okuw jaýlaryna girdiler we bir kitabyñ gatyny açman tapawutlanan diplom aldylar. Alymlyk dissertasiýalaryny goradylar, uly edaralaryñ başlygy boldular. Asyl ynanyp bolmajak zatlar boldy.

Ýokary okuw jaýlarynda işleýän professorlar, dosentler, hususan-da her ýyl giriş ekzamenleriniñ komissiýasyna girýänler, ekzamen alýanlar, dekanlar, rektorlar, prorektorlar jemgyýetiñ iñ bir “sylanýan”, gerekli adamlaryna, häzirki zaman dilinde aýdylanda bolsa, hakyky ýaşululara öwrüldiler. Tomus aýlary olary gözläp tapmak hyllalla boldy. Okuwa girjekleriñ sanawy has ir, gyş aýlary taýýarlanyp goýuldy. Şol düzülen spisok-sanaw boýunça-da tomsuna abutiriýentler ýokary okuw jaýyna kabul edildi. “Spisoga diñe has ýokardakylar düzediş girizäýmese, ol şol öñküligine, gyşda düzülişine galýardy” diýip, tanyş mugallymlar gürrüñ berýärler. Onsoñ daş obadan gelen ýa-da Aşgabadyñ özünden bolan tanyşsyz-pulsuz çaga, ýanyp duran zehinem bolsa, ekzamenden ýykylmaly bolýar. Ynsaplyrak mugallymlar bilýän çaga ikilik goýmaga ynsap etmän, ony üçlüžek ýa dörtlüjek bilen ekzamenden geçirýärler, emma ol soñ konkurs diýilýän ikinji seçgide pullularyñ hem tanyşlylaryñ arasyndan goparylyp zyñylýar.

Elbetde, okuwa girmek üçin pul berenler soñ kursdan-kursa geçmek üçinem pul berýärler ýa-da olar bu barada özlerini okuwa salan adam bilen öñünden gürleşýärler. Ýöne hemme zat, okuwa girmegem, kursdan-kursa geçmegem, hatda kurs işleridir kontrol işlerini, diplom işini ýazmagam mugallymlar bilen baglylykda, ýa-da hut şolaryñ elin goltgy bermeginde amala aşyrylýar. Olaryñ üsti bilen ekzamen, zaçýot düzetmek, ýagny okaman okan kişiñ bahasyny almak, okuwa girmek, kursdan-kursa geçmek we diplomly adam bolmak ap-añsat zatdy. Bu ýagdaýy hemmeler bilýärdi, okuwa girmek, ýokary okuw jaýyna ekzamen tabşyrmak barada halk içinde bir topar gülküli gürrüñler bardy. Şol gürrüñleriñ birinde şeýle waka beýan edilýärdi:

Özbegistandaky ýokary okuw jaýynda ekzamen tabşyrýan Babanyýaz atly studentden, hiç zat bilmänsoñ, professor “Leniniñ kimdigini bir bilýäñmi?” diýip soraýar. Ol bolsa, “Weý, Lenin kim bor, ol biziñ bobomyz ahyryn” diýip jogap berýär. Professor oña arryjak üçlük goýýar. Soñ ol bu gürrüñleri gapydan diñläp duran ikinji studentdenem Leniniñ kimdigini soraýar. Ikinji studentem, hil bir zat aýdýan ýaly gabaryp: “Weý, ony bilmeýän barmy? Lenin Bobonyýazyñ bobosy ahyryn” diýýär. Ikinji bir gürrüñde bolsa, uniwersitetiñ geografiýa fakultetinde gutardyş ekzamenini tabşyrýan studentden Wetnamyñ paýtagtyny soraýarlar. Ol bilenok. Mugallym ozal eslije pul alansoñ, hem gahardan ýarylara gelip, hem studenti ugrukdyrjak bolup, barmagyny gözüne sokara getirýär-de, oña: “Şu soraga-da jogap berip bilmeseñ, gözüñi oýaryn” diýýär. Baý ogly muña dergazap bolup ýerinden galýar we mugallymyñ özündenem beter gygyrýar: “Hany oý!” Mugallym begenýär, “Häliden şeýt-de “Hanoý” diý-de aýdaý-da, bilýän ekeniñ-ä” diýýär.

Bu gürrüñler ýokary okuw jaýlarynyñ soñky ýyllarda nämä öwrülendigini, has dogrusy, nirä öwrülendigini her bir analizden, her bir barlagdan gowy açyp görkezýän aýnady. Emma bu aýna seretmäge hem hiç bir gowulygyñ üstünden eltmejek egri-bugrulyklary düzetmäge sowet döwrüniñ ahyrky ýyllarynda hiç kimiñ eli ýetmedi. Garaşsyzlyk diýilýän döwür bolsa, hakykat ýüzünde halklaryñ, milletleriñ garaşsyzlygy däl-de, eýsem şol halklaryñ hem milletleriñ ýolbaşçylarynyñ halkdan hem kanunçylykdan garaşsyzlyklary boldy. Gönüläp aýdylanda, başlyklaryñ bikanun baýamak döwri, eden-etdilik hem giden-gitdilik döwri boldy. Şeýle döwürde ylym-bilimiñ hem ylym-bilim diýýänleriñ häkimiýetiñ ýokary gatlagyndakylaryñ gözüne gelmejekdigi öz-özündenem düşnüklidir. Sebäbi ylym-bilim adamlaryñ gözleriniñ nurudyr, ol tümlükleri böwsüjidir we garañkylygy gaýra itip, ýagtylyk getirijidir. Emma ähli ogurlyklar we bikanun işler garañkylyga hem halkyñ ylym-biliminiñ, sowat-düşünjesiniñ ýetmezligine daýanylyp edilýär. Eger halk ýeterlik derejede sowatly-düşünjeli bolsa, onuñ hakyny iýmek ýa-da yrsgalyny ogurlamak şonça-da kyn bolýar. Sowatly-düşünjeli halk kanunçylygy ýola goýmagy-da, şol kanunçylygyñ bozulmazlygyny talap etmegi-de başarýar. Hukuk döwletinem gurýar, azadam ýaşaýar. Ýöne biziñ türkmenlerimiz entek bu zatlardan, şeýle sowat-düşünjelilikden gaty daşda. Onuñ aglaba köplük bolup durýan böleginiñ “Kanunçylyk diýýäniñ näme? Ony çörege çalyp iýmelimi ýa-da suw bilen içmelimi?” diýip soraýmagy hem gaty bolup biljek zat. Azat ýaşamak barada bolsa, her niçik gynansak-da, biziñ halkymyzyñ uly bölegi pikir edip görene hem meñzemeýär. Sowet sistemasy ony azat-erkin durmuşdan şeýle bir daşlaşdyrypdyr welin, ol indi papakly milisioner görse ýa-da başlyk diýilýäniñ adyny eşitse, tisginenini ýa gypjynanyny duýman galýar. Şu sebäbe görä-de biziñ halkymyzyñ gylla ýaryndan has köpüsi hindi melodramalary diýip ýykylyp ýatyr, haýsydyr bir ynanylmajak gudratlara ynanýar, ertekide çerkeze giden garybyñ gyzyl tapyşy ýaly añsat baýamaga ymtylýar ýa-da başlyklaryñ rehim-şepagatyna tamakinçilikde ýaşaýar. Öz hak-hukugyny talap etmäge, hatda aýlyk-günlügini soramaga-da gorkýar we bu gorkaklygyñ añyrsynda bisowatlygyñ ýatanlygy barada pikir edip hem bilenok. Hut şunuñ ýaly pajygaly ýagdaýda, elhenç çataklykda duranlygymyz üçin hem biz ylym-bilim barada gaty çynlakaý gürrüñ etmeli, oýlanmaly hem netije çykarmaly.

Elbetde, ylym-bilim, çagalar baglary hem mekdepler, ýörite we ýokary okuw jaýlary baradaky mesele garaşsyzlygyñ ilkinji ýyllaryndan gozgalyp başlandy. Sebäbi ilçilikde ähli-derdi belalaryñ bisowatlykdan hem tüntawlykdan gaýdýandygyna düşünýän adamlar, azam bolsa bardy. Emma olaryñ ýürek paralap aýdan sözlerini halk-a diñlemedi, halkyñ öñüne düşenlerem ýüze perde üçin, wagyz-nesihat işinde ýa-da syýasy aldawçylykda ulandylar. “Her bir türkmen çagasy azyndan üç dil bilmelidir” diýen ýaly gulaga hoş ýakýan sözjagazlar tapdylar. Sada halkyñ ylym-bilime üntüşik edýän az sanly bölegi bolsa, üç dil barada ilkinji gezek eşideninden, hamala, eýýäm çagasy üç dilde saýrap duran ýaly, begenjinden nirä ýöreýänini bilmedi. Şol wagt kimdir biri: “Bal kölüne batyp ýörmäñ, ol-a üç dil bilme ekeni, erteki gün çagañyz ene dilinde ýazyp-bozmany öwrense-de telpegiñizi göge zyñarsyñyz” dagy diýen bolsa, olar onuñ al-petinden alyp, eşege ters mündürip kowardylar.

“Öz elimiz, öz ýakamyz bolar, öz dilimizde okarys, öz dilimizde iş dolandyrarys, ylma-bilme giñ ýol açarys, çagalar baglaryny hem mekdepleri, ýörite we ýokary okuwy kämilleşdireris, ösdüreris” diýlip berlen wadalar puç bolup çykdy. Garaşsyzlyk ýyllary ýurduñ ylym-bilime sary däl-de, yza, tümlüge dolanandygyny subut etdi, asyl ikirjiñläre ýer goýmady. Çagasyny haýdan-haý türkmen mekdeplerine geçiren ene-atalar bir ýyla ýetip-etmän ýalñyşlaryna düşündiler we ýene öñküje orus mekdepleriniñ gapysyna ýykyldylar. Sebäbi türkmen mekdepleri sowet ýyllaryndaky derejesini hem ýitiripdi. Mugallymlar mekdeplerden gidýärdiler, çagalaryñ ösjek-öwrenjek wagtyny kimdigi hem nämedigi belli bolmadyk çala mugallymlara ogurlatmak adaty bir zada öwrülýärdi. Orus mekdeplerinde bolsa, her näme-de bolsa, öñki talap, öñki dereje saklanmaga çalşylýardy. Orus ene-atalar çagalarynyñ bilim derejesi bilen gyzyklanyp durýardylar, orus mugallymlary öz hünärlerine jogapkärli garaýardylar. Türkmen mekdeplerinde bolsa, bu iki ganatyñ, ýagny ene-ata hem mugallym ganatynyñ ikisem zoraýakdan, uçmak özlerine däl-de, başga birlerine gerek ýaly galgaýardy, juda ysgynsyz galgaýardy. Megerem türkmeniñ akyl, añ ýaltalygy şu ýerden, çagasyna okuw-bilim öwretjek bolup ot alyp barmaýanlygyndan gaýdýan bolsa gerek. Emma orus mekdeplerinde ene-atalar pol ýuwmakdanam, gezegine nobatçylyk çekmekdenem gaýdanoklar.

Gynançly ýeri, garaşsyzlyk ýyllarynda çagalar baglarynyñ hem mekdepleriñ ähli aladasy, remont-serenjam işlerem, tutydyr gap-çanak ýaly üpjünçiliklerem, hatda azyk-suwlugam, mugallymlary sowgat-salam bilen işe höweslendirmegem ene-atalaryñ boýnuna düşdi. Hökümet bolsa, gara ýollara hem adam barmaýan myhmanhanalara goşawuçlap-haltalap gyzyl pul dökdi. Çagalar baglary hem mekdepler tozdy diýmedi, mugallymlar hem wraçlar, alymlar hem studentler aç galdy diýmedi. Gaýta uçilişelerdir tehnukumlary, gaýybana okuwy ýatyryp, talyplaryñ sanyny azaldyp, ylym ojaklaryny ýapyp, tygşytlamasyz ýerden pul tygşytlady. Türkmenistan Ylymlar akdademiýasy, Gün instituty, Çöller instituty ýaly ylym ojaklary ykdysady krizisiñ gurbany edildi, demir gysaja salnyp, bokurdakdan boglup taşlandy. Eýsem, indi bu zatlaryñ, düýpden ýalñyş ugra giden döwlet syýasatynyñ haýsy bir ýerini aýdyp-düzedip çykjak? Ol asla aýdanyñ-diýeniñ bilen düzetdirjekmi, düzeljekmi? Eger düzelmejek bolsa, bu ýerde nähili bela-beterler bar? Näme etmeli?

Bu soragyñ häzir öñki SSSR-iñ hemme ýerinde diýen ýaly keserip öñe çykandygyny, her ýerde dürlüräk derejededigine garamazdan, ykdysady çökgünligiñ, korrupsiýanyñ adamlary az oýlandyrmaýandygyny boýun almak gerek. Diýmek, ylym-bilime abanan howp, garalyp gelýän bisowatlyk hem düşünjesizlik diñe biziñ başymyzda däl. Ýa-da bu gara belanyñ diñe garyplaryñ başynda-da däldigini, eýsem baýlardanam sowlup geçmejegini hem aýtmagymyz gerek.

“Bisowat ilaty aldamak hem dolandyrmak añsat bolýar” diýen bir gep bar. Şonuñ üçinem diktatorlar öz dolandyrýan ýerlerinde hökman informasiýa we ylym-düşünje gahatçylygyny döredýär diýýärler. Şul aýdylýanlara gulak assañ, Türkmenistanda ylym-bilime ýöritelenip zarba urulýan ýaly. Emma bu urgynyñ, ozaly bilen, ýurduñ başyndaky adamlaryñ bisowatlygyndan, ukyp-başarnyksyzlygyndan hem galplygyndan gaýdýandygyny, ykdysady krizisiñ ilki ylym-bilimiñ bokurdagyndan alýandygyny, soñ bu bokurdakdan almanyñ bütin halk hojalygyna geçýändigini görmezlik mümkin däldir. Şonuñ üçin bu gün alymlaryñ hem mugallymlaryñ başyndan inýän işsizlik hem bigereklik ertir beýleki pudaklarda işleýänleriñ başyndan inmez diýip hiç kim aýdyp bilmez. Tersine, bu bela-beterleriñ barha çuñlaşjagyny we ýaýrajagyny, şu gidişde diñe ählumumy heläkçilige eltjegini islendik adam aýdyp biler we sanlyja ýyldan mamla bolup çykar.

Baryp 91-92-nji ýyllarda Aşgabadyñ halk hojalyk institutynda hökümet derejesinde ýygnak geçirilip, şol wagtky rektor Annamyrat Aşyrowyñ “makler” diýdimi, “magistr” diýdimi, bir topar gerekmejek zatlar girizipsiñ diýlip zaldan kowluşy meniñ göz öñümde henize-bu güne çenli dur. Şonda hökümet başlygy rektoryñ üstünden segsen üç mugallymyñ gol çekip arza ýazandygyny hem dilinden sypdyrypdy, onuñ ýöreýşini üýtgedendigini aýdypdy we öz ýanynda, prezident sowetinde işleýän Bazarow diýip birini rektor belläpdi. Indi edil şu bolmasa-da, şuña meñzeş ýagdaý Türkmenistanyñ Nyýazow adyndaky Oba hojalyk institutynda gaýtalanýar. Ýöne Baýram Balakaewi Annamyrat Aşyrow ýaly oglansyradyp kowanoklar, sypaýyrak ugradýarlar. Ahyr netije bolsa bir, sahnanyñ düýp mazmuny meñzeş. Ine, şu meñzeşligiñ añyrsynda-da indi on-ýigrimi ýyl bäri kök urup, aždarhamy, ýuwhamy çykyp ýatan meseleler bar.

Moskwa, iýun, 98

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin