Edebi portretler :

“Sanaşma samsyk bilen!”

Kerim şahyr hakda oýlanma

Kerim agadan bize bugdaý çöregi ýaly goşgular, paýhasa hem gözel duýgulara, ýumora hem gussa ýugrulan ajaýyp eserler galdy. Dogrusy, biziň edebi neslimiz üçinem, eger bilseler, bizden soňkular üçinem Kerim aganyň sapaklary uly boldy. Ýetginjeklikde biz onuň “Ýaşlyk dramasyny” ýat tutduk, “Gumdan tapylan ýüregini” ýüregimize ýazdyk. A soň onuň özi bilen duşuşmak, görüşmek, öýüne barmak, işde çaýlaşmak bagtyna ýüzümiz düşdi. Ýöne biz bu eziz adamy juda ir ýitirmek betbagtlygyna-da uçradyk. Ony, meger, uly ownuklyklar, kän-kän bikemallyklar ýaralady.

1988-iň 1-nji sentýabrynda, Kerim aga iş otagynda hiç kimiň salamyny alman ýatyrka, hiç kime adat bolan degişmeleri bilen ýüzlenmeýärkä, onuň geýen eşikleri bolsa howludaky ýüpe serilgi durka, bir pukara ýazyjynyň aýdan sözleri ýadymda galypdyr. Ol ýazyjy şonda “hudaý türkmene ýazyjam, şahyram, kompozitoram, alymam, döwlet işgärinem berýär, hakykysyny berýär onda-da, ýöne türkmen olaryň hiç birini saklap başaranok, sylap bilenok, ir aldyrýar, galp adamlary bolsa depesine çykarýar” diýipdi.

Elbetde, Kerim aga öz döwrüniň ogludy? Kommunistik partiýanyň boýna dakan ideologiýasyna tabyn bolmaly bolupdy. Şonuň bilen birlikde, biziň gören türkmen halkymyzyň içinde Kerim aga ýaly meşhur başga bir döwürdeş türkmen şahyry ýokdy. Ol öz ildeşleriniň içinde, alymlara hem daýhanlara, işçilere hem emeldarlara deň derejede tanymaldy. Aslynda, Kerim aga, Kerim Gurbannepes diýseň, tanamaýan ýokdy.

Eýsem, bu meşhurlyk ýöne ýerden däldi. Ol şahyrdy! Üýtgeşik şahyrdy. Owadan ýürekli, ýönekeý sözlere görülmedik mähir çaýyp, akyl bilen duýgyny, guwanç bilen söýgini, mylaýym ýumory öz poýeziýasyna juda ýeser halkylyk bilen siňdirip bilen şahyrdy. Onuň poýeziýasy guwançly zatlara beýik guwanç duýgusyny, gynançly zatlara uly hasrat berip bilýänligi bilen özüne çekýärdi. Käbirleriniň aýdyşy ýaly, ol diňe “el çarpylýan goşgulary” ýazmaýardy, diňe toslanan söýgi-pöýgi hakynda joşmaýardy, “ýazmasy agyr düşen goşgularam” ýazýardy.

Wagtynda onuň poýeziýasy hakynda her hili gürrüňler bolupdy. Biziň boýdan-başa Gurbannazar Ezizçi edebi neslimiziň oturylyşyklarynda, iş ýerlerinde-de bu jedeller käte şeýle bir derejelere baryp ýeterdi. Indi seredip otursam, Gurbannazar Eziziň Halyl Kula ýüzlenip aýdyşy ýaly, şol jedeller biziň indiki ýazjak goşgularymyzyň ýarasyny bitiren ekeni. Sebäbi ol döwür “Suwsuz degirmendir jedelsiz şahyr” diýen setir biziň esasy şygarymyzdy. Şonda köplenç “Kerim aga dogrudanam halk şahyry, ol diňe halka ýakyn boljak bolýar, şondan ýokary derejede däl, Gurbannazar intelligensiýanyň şahyry, ol duýguda-da, akylda-da has çuňluklara azy urýar” diýen ýaly gürrüňlerem edilerdi.

Elbetde, Kerim aga halk içinde meşhurlygyndan başga hökümet tarapyndanam sylanardy. Ol heniz 37 ýaşynda halk şahyry diýen derejäni alypdy. Sylagly redaktordy. Bu bolsa onuň zehinine görüplik edýänleriň, bahyllaryň gonjuna gor guýardy. Ýazyjylar soýuzynyň işiginde “edebiýatda Kerim Gurbannepesiň kulty bar, şol kulty ýok etmeli” diýen gürrüňi gulagym bilen eşidenim şu günki ýaly ýadymda. Emma Kerim aga ol “kulty” wezipe bilen gazanmandy, poýeziýasy bilen döredipdi. Onuň bir goşgusynda aýdylyşy ýaly, “Zehinliň elinden zehinin alyp, zehinsize zehin bermek mümkin däldi”. Emma haýp, zehiniň hemişe ýagysy kän bolýar. Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn, “adamyň zehini uly bolanda, bahyllar oňa has agyr labyr atýarlar”. Kerim aganyňam bahyllygu-içigaralyk edýänlerden ýüki ýetikdi.

Ol zaman edebiýatda açyk jedeller, metbugat sahypasyndaky diskussiýalar däl-de, eýsem, golsuz ýazylýan arzalar, Merkezi Komitete ilki satmak uly rol oýnaýardy. Şol pes usullaram ahyry türkmeniň uly şahyryny ýykdy şekilli. Ol bu zatlary bildirmedik bolsa-da, megerem, redaktorlykdan gyrakladylyşyny, akademiklige hödürlenip, ses berlişikde garşysyna karam oýun guralyşyny ýüregine aldy. “Alla-alla, sowet döwründe kim-kimlere ýetdiren posly akademikligi ulus iliň ýaz güli ýaly owadan poýeziýaly şahyryna rowa görmediler...” diýip, galamdaşlarymyň biriniň käýineni ýadymda. Bul oýunlaryň hemmesi şahyryň il içindäki meşhurlygynyň garşysyna gurulýan gapanlardy, ýüregi nazarlaýan zäherli oklardy...

Kerim aga okyjy meselesinde görülmedik eserdeňlik görkezerdi. Ol hatda şygra düşünmejek okyjynam äsgermezlik etmezdi, özünden daşlaşdyrmazdy. Okyjylaryň hatlaryna ýaltanman jogap ýazardy. “Tomus hem güýz ýazgylarynda” aýdyşy ýaly, ol egri agajyň ýarsgynna gitjegini bilmän duranokdy, ýöne ýamanlaryňam ýagşy bolmagyny ýüreginden isleýärdi. Şonuň üçinem olary gözellige, goşga, gowy ynsan duýgularyna ýakynrak saklajak bolýardy.

Şol maksat bilenem ol goşgularynda mümkin boldugyça ýönekeýlige, uly sadalyga, şonuň bilen bir hatarda-da manylylyga, çuňluga üns bererdi. Bir göräýmäge onuň goşgulary köplenç didaktika, ýagny öwüt-ündewçillige syrygýan ýalydy. Ýöne ol “Taýmaz babadan”, “Gumdan tapylan ýürekden” soň epiklikden saýlanmak bilen bolupdy.

Kerim aga edebi tankyda garaýyş babatda hem nusga goýdy. Tankytçy Durdymuhammet Nuralyýewiň “Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy” atly makalasy çap edilip, şahyrlar mellegine daş zyňlan ýaly bolanda, ol sagdyn pozisiýa bilen çykyş etdi. Dogrusy, bu ýeňil däldi. Tankydy her kes kabul edip bilmeýärdi, tankydy pikir aýdan duşman bilinýärdi. Emma şol “duşmançylygy” birleri etmese, ýagny tankyt ýatyp galsa, ne edebiýat, ne sungat, ne medeniýet ösjekdi. Indi muňa uly subutnama gerek däl. Ýöne muňa garamazdan, şol döwürde tankydy öler ýaly gaty gören şahyrlaryň biri tankydyň ýok edileni üçin hökümdara minnetdarlyk bildiripdir. Emma hökümdarlar haýsydyr bir goşguçyny goramak üçin tankydy ýatyrmaýarlar, olaryň aladasy özleri. Tankydy pikir, çekişme, jedel bolmadyk ýerinde halk ýanýar. Çäklilik, nadanlaşmak, öz-özüňden razylyk, boşluk başlanýar.

Kerim aga çuňňur sowatly şahyrdy. Emma sowet döwri ony köp derejede çäklendiripdi. Ýagdaýa görä bolmak, ýazmak edebiýatda köpleri boş geçmäge alyp barýar. Hakyky şahyr bolsa diňe öz goşgularynda däl, eýsem terjime arkalam halkyna kän zat aýdyp ýetişýär. Muňa Kerim aganyň terjimeleri hem anyk mysal.

Ol amerikan şahyry Walt Witmanyň (Walt Whitman) “Tekepbir şöhrat hakynda okan wagtym...” diýen goşgusyny şeýle terjime edipdi:

Kitaplarda okan wagtym
şöhrat hem şöhrathon hakda,
tekepbir prezident hakda, tekepbir general hakda --
olara gözüm gitmeýär.
Ýöne weli okan wagtym adamlaň dostlugy hakda,
Juwan wagty, kämil wagty, soňra bolsa garran wagty
Birek-birege wepasy, mertligi, rastlygy hakda --
etimi çigligne iýip barýaryn.
Sebäbi gözüm gidýär.

“Bir prezidente” diýen goşgy bolsa şeýle ýaňlanýar:

Ähli edýän, ähli diýýän zadyňyz
masgaralaýar Amerikaň adyny.
Tebigatdan öwrenip bilmänsiňiz
tebigatyň syýasatyny:
Giňligini, adyllygyny, deňlik alamatyny.
Diňe şeýle syýasat bilen
ýaşap biler Ştatlar.
Irde-giçde ümür ýaly pytrar
şondan başga syýasatlar.

“Iň gowy sapaklaram” şol hili duşündiriş talap etmeýän terjimelerden:

Garşyňa gidýänlerden,
gözlerinde oky bolsa seni urjaklardan,
Duşmançylyk edýänlerden,
ýüz dürli ganojaklardan
özüňe sapak aldyňmy?

Ýa-da diňe özüňi magtaýanlardan
haýran galyp başyn ýaýkaýanlardan,
şanyňa waspnama okaýanlardan
sapak alanyň bilen oňaýýarmyň?

Kerim aga öz poýeziýa mekdebini döreden şahyr. Ol mekdebiň esasy sütünleri wagtlaýyn şowhunam, owadan kapyýa-da, tehniki ussatlygam däl, pikir. Ine-de şol pikirlerden biri:

Ynam hakda, wepa hakda oýlansam --
Bir zat meni haýran edip, ýüregmi deşip barýar:
Dünýädäki müňläp-müňläp adamlar
özlerine ynanmaýan adamlaň
yzyna düşüp barýar.

Galyberse, onuň Puşkinden eden şujagaz terjimesi köp jedellere jogap:

Eý, Muzam, kaýyl bolgun takdyryň permanyna,
Agzyňy deňemegin özüňden egsik bile.
Öwgümi ýa şyltakmy -- bolmasyn perwaýyňa,
Sanaşma samsyk bile.

Dogry düşüniň, maňa Kerim Gurbannepesi magtamak ýa ulaltjak bolmak gerek däl. Ol bu zatlara ne menden, ne başga birinden mätäç. Halk ony menden gowurak tanaýar, belki. Ýöne men Kerim agany ýatlap, edebiýat hem şahsyet baradaky käbir pikirlerimi aýtman bilmedim. Hytaý şahyry Li Ki “Ýazyjy güýçli hem gaýduwsyz bolmaly, sebäbi onuň götermeli ýükem agyr, geçmeli ýolam uzak” diýipdir. Ýazyjynyň ýüküni her men ýazyjy diýip orta gelen göterip bilenok, onuň ýoluny geçip bilýänem gaty az. Dogry, gaýtalap aýdýaryn, Kerim aga öz döwrüniň ogludy. Ol döwür türkmen edebiýatynda ägirtleriň döremegi üçin mümkinçilik azdy. Arkada 37 bardy. Türkmen ýurdy kolonial ülkedi. Moskwa, Kreml, Lenin temasy baş temady. Emma şahyr şu kyn şertlerde-de halkyna gulluk etmäge çalşypdy, halkynyň ýüregine ýol salypdy.

Megerem kynlygyny bilip-görüp, ol öz bütin döredijiliginde mertligi ündäpdi.

Ýol agyrdyr, müň ýanylar, öçüler,
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler,
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz deý ýele garşy yňyp git! --

diýip pent edipdi. Bu pent şahyryň ilki özüne, soň öz galamdaşlaryna, şägirtlerine eden pendidi. Çünki ýazýan adamyň sistema bir duşmany bolsa, göriplik, aýakdan aslyşýan kärdeşler iki duşmanydy, namartlyk, peslik hakykaty ýazjak bolýana iň ullakan ýagydy.
Şahyr:

-- Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol,
Çöl ýolunda tirkeş-tirkeş bulut bol,
Teşne görseň, dodagyna damyp git --

diýip, adamy ynsanyň, adamkärçiligiň beýik missiýasyna wepalylyga çagyrypdy.

Kerim şahyr hakyky halk şahyrydy. Ol bu derejä özüniň halka juda ýakyn hem düşnükli goşgulary bilen eýe bolupdy. Kerim aga edebiýatda düşnükliligiň, sadalygyň tarapdarydy. Ýöne ol çylşyrymly poýeziýa-da uly gadyr goýýardy. “Bir şahyr bar, halk üçin ýazýar, bir şahyr bar, şahyrlar üçin ýazýar” diýerdi. Ol özüni şahyrlaryň şahyry hasaplamazdy, halkyň şahyry hasaplardy:

Köçämizde iki çaga uruşdy,
Her gapydan ylgap çykdy bir aýal.
Ak gapydan orta boýly Ogulşat,
Gök gapydan uzyn boýly Aýjemal --

diýip, Kerim aga halkyň durmuşynda bolýan iň owunjak hem häsiýetli zatlary inçelik bilen tutmany başarardy.

Kerim aga öz wagtynda hemme zady döwrüň üstüne atýanlary ýazgaryp ullakan poýema ýazypdy. Şol poýemada pikir ýöredilişine görä, döwür hemişe bir döwürdir, ol seniň ejizligiň üçinem, namartlygyň üçinem günäkär däldir. Sen günäň bar bolsa, ony döwrüň üstüne atman, özüňden görmelisiň. Şahyr bu beýik pikiri heniz şol döwürde, kommunistik rejim hökmürowanka aýdyp bilipdi.

Elbetde, Kerim şahyryň döredijiliginde-de döwür, syýasat bilen baglanyşykly çäklilikler bolupdy. Emma şahyryň kämillik ýyllarynda şol çäkliliklerden çykmaga synanyşyk edilip ýazylan goşgulary näçe diýseň bardy. Kerim şahyr şygyrýetiň beýik sepgitlerine, päkligine, açyklygyna, gözelligine üns berýärdi. Şahyr “Parahatlyk ilçisi” atly poýemasynda ilkinjileriň biri bolup Gökdepe tragediýasyna ýüzlenipdi. Ýöne oňa bu eserde etjegini etdirmändiler, ýüregindäkini diýdirmändiler.

Hawa, indi Kerim şahyr aramyzda ýok. Ýöne onuň goşgulary halk bilen ýaşap ýör. Ol goşgular bizi mertlige, sadalyga, ynsan gözelligine, kämillige çagyrýar. Olar däne-däne bolup, akyl zerreleri ýaly, bir okanyň ýadynda dur:

Öwrenip ilkinji harpy diýdiler,
Gomalar şägirdiň galpy diýdiler.
Galp şägirtden boluň hüşgär diýdiler,
Emer-de, emjegiň dişlär diýdiler...

Eýsem, şahyryň şahyrçylyk senedini harlan häzirki zaman goşguçylarynyň bir toparyna şundan beter baha bermek mümkinmi? Şahyr bu bahany özünden soňky edebiýat masgaraçylyklaryny görmän-bilmän berip gidipdi. Şahyr ýene, hamala, dirikä özüne daş ýadygärlik dikdirip ýören dünýä gülki “serdaryň” dörejegini bilen ýaly, şeýle bir pendem edipdi:

Ýene bir gep, magtanmak däl, öwüt däl,
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl,
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol, şol daşlara siňip git.

("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)

Bergen, 1-nji sentýabr, 1999.