“Hakykaty gömdüler...”
Bapba Gökleňiň portretine ştrihler
Şahyr Bapba Gökleň maşyn kakandan soň ýogalypdy. Ýöne bu waka hakynda dürli pikirler bar. Çünki şahyr Türkmenistandaky häkimiýetiň tankytçylarynyň biridi.
Gynansak-da, öňki sowet respublikalarynda häkimiýetiň tankytçysy bolmak howplulygyna galýar. Şu tomus Gazagystanda kärdesimiz Askat Şeripjanowy maşyn kakdy. Şonda onuň ölümi bilen bagly bir topar çaklamalar aýdyldy. Häkimiýetler onuň içgili bolup, geçmesiz ýerden geçende maşynyň aşagyna düşendigini aýtsalar, beýnisini operasiýa eden wraçlar onuň ganynda alkogoluň bolmandygyny tassykladylar. Başga bir gazak şahyry, oppozisiýadaky gazetiň habarçysy Nury Muftagyň bolsa, geçip barýan awtobusyň öňüne iteklenip öldürilendigini görenler bar diýip, BBC habar beripdi.
Eýsemem bolsa, biz bu gün Bapba şahyryň ölümi hakynda däl, diriligi, ýagny onuň döredijiligi hakynda köpräk gürrüň etmegi göz öňünde tutduk.
Obaň ýeňsesinde, bir el tersine
Edilen iş, gara işe nusgalyk.
Ýatyr “bezeg” berip ýeriň üstüne
Bir owadan köpek, daňylgy maslyk.
Ýatyr köpek rahat, azapdan azat,
Günäsinden janyn berip üzülip.
Eh, ýöne henizem bahana arap,
Jesediň boýnunda daňylgy dur ýüp.
Bapba şahyr bu setirleri ýüreginden syzdyranda, türkmeniň başyndan injek şu günki külpetleri öňünden aňan ýaly. Şahyr ýüregi boýnundan ýüpi çözülmän atylan itiň ykbalyna ýöne ýerden gyýlanok. Bu itiň ykbalynda erki elinden alnan hem iň soňki demde, dünýeden üzülende-de aýagyny uzyn salmaga ygtyýary bolmadyk bendiniň ykbaly bar. Hukuksyzlyk ykbaly bar, depelenmek bar!
Şahyr:
-- Nädip öldüreňde bolmaýar iti?!
Aryň alyp öldür, öldür keýpine.
Ýöne soňky demde gowşadyň ýüpi,
Bir gowşaklyk duýsun soňky deminde –
diýip zynharlaýar. Emma zalym nadanlyk bir damakdan alansoň gowşatmany bilmeýär. Gowşatsa, öz damagyndan alnar öýdüp gorkýar.
Bapba neresse ýogalanda türkmen halky häzirkisi ýaly köpçülikleýin tussaglygy o diýen duýanokdy. Türmä düşeni dowzaha düşen ýaly hasaplasa-da, olaryň hemmesi bir günä iş edendir, ýogsam gazamat edesleri ýok-la diýip pikir edýärdi. Emma şeýle bir gün geldi, iki adamyň biri, her bäş maşgaladan ikisi “jenaýatçy” bolup çykdy.
Şahyryň ýüregi, onda-da hakyky şahyr ýüregi iline geljek betbagtlygy öňünden duýýar hem gan aglaýar diýýärler. Bapba neressäniň uly şahyr ýüregi bar eken. Şonuň üçinem ol:
-- Ýatyr köpek özün siňdirip ýere,
ýowuz nadanlygyň bir pidasy dek.
Hem çaň basan ýüpüň çala sudury
Türmede öleniň familiýasy dek –
diýip, ýürek paralaýar. Eýsem bu biziň halkymyzyň Şagaldaky türmede ölýän hem klýonka dolanyp, onbäşläp-ýigirimiläp jaýlanýan, has dogrusy, it ýaly gömülýän ýigitleriniň ykbalynyň öňünden du?lmasy dälmi!..
Eýsem, şahyr türmä düşüp görmändi ahyryn. Türmede öleniň familiýasynyň ýol bo?nda boýny ýüpli öldürilen it bilen nähili ýakynlygynyň barlygyny diňe şahyr ýüregi görüp biljekdi, bu diňe hakyky şahyrdan çykjak deňeşdirmedi. Şahyr ýüregi it halyna aglap, it ykbalyna ýanyp, diňe bir it ykbalyna ýanmandy. Bu gürrüňiň, bu aýylganç kartinanyň aňyrsynda adamzat aladalary, azatlyk, erkinlik hakyndaky arzuw ýatyrdy.
Şahyr diňe erkinlik aýdymyny aýdanda, diňe azatlygyň aýdymçysy bolanda beýikdir, ýürege ýakyndyr.
Dogry sözüň güýji, hakykatyň güýji hiç bir zat bilen ölçelip ýa deňeşdirilip bilinmez. Şahyr, ýazyjy, söz eesi diňe dogry söz bilen, ýürekden duýlan we çyndan uýlan hakykat bilen güýçlidir. Eger şahyr ýüregi bilen duýan hakykatyny aýdyp hem oňa wepaly bolup çyksa, ol iki esse güýçlidir. Emma şahyrlar bolýar, ýürekleri bilen bir hakykaty duýýarlar, dillerinde başga hakykaty heçjikleýärler. Häzir Türkmenistanda öz ýüregindäkini aýtman, ýagdaýa görä ýazýan şahyrlar kän. Emma olaryň hiç biriniň il içinde hakyky şahyr abraýy ýokdur. Sebäbi olar öz ýüregindäki hakykaty, il ýüregindäki hakykaty aýdyp bilmeýänleri üçin öz şahyrlyk gudratlaryny bireýýäm ýitirendirler. Taňry beren şahyrlyk gudratlaryny, güýçlerini ýitirendirler. Olar dogry söze, hak senede gulluk etmäge derek durmuşyň wagtlaýyn rahatlygyny, at-derejesini, baýragyny alanlaryny gowy görendirler. Öz senetlerini gara bokurdagyň gullugyna häzir edendirler we bisenet bolup galandyrlar.
Emma hak şahyrlar hemişe iliň agysy bilen aglaýarlar. Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn:
-- Han-begler,
Şazada, şalar ölýärler,
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.
Bapba neresse inçe filosof şahyrdy. Onuň:
-- Dünýe,
Durky pälwan dünýe -- diýip başlanýan goşgusynda häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň dünýä hakyndaky pelsepeleriniň köpüsinden has aňryk geçilipdir. Şahyr bu dünýeden ýadamany inkär edýär. Ol :
--Nadandan ýadan dünýe,
Ýadany gidýän dünýe -- diýýär.
Hudaýyň hut özi ýaly dymyp, bar bela-betere çydap oturan dünýeden basylsaň basylyp ýörmeli. Ýöne dünýä-de şahyr ýaly düşünmek gerek. Oňa sögmegem, aşyk bolmagam hökman däl. Ony öz bolşy ýaly kabul etmeli hem-de oňa öz göwün gözelligiňi goşmaly. Ony bir ädim arassalamaly, bir gezem ýokaryk götermeli. Beýgeltmeli! Iň bolmanda şoňa ymtylyp ýaşamaly!
Şahyryň “Bolmaz bolmajak bolsa” goşgusy ol heniz aramyzdan gitmezinden öň aforizme öwrülen goşgudyr. Edebi jemgyetçilikde bir iş başa barmasa, derrew Bapba neressäniň şu goşgusy ýatlanardy, ondan setirler okalardy. Bapba şeý diýipdir diýlerdi. “Pyşyrdylar” goşgusy bolsa, şahyryň hakyky türkmen ýüreginiň azardyr, derdidir. Eýsem, şu günki gün türkmen öz ýagdaýyny pyşyrdap gürrüň etmeýärmi näme? Pyşyrdap derdini beterletmeýärmi näme? Onsoň pyşyrdylar galňap gidip otyr. Dert artýar, goşalanýar, berçigýär. Şeýdibem ýamanlyk ody ýaşyl ýalnyny çabradyp ýanýar, uludan ýanýar, belentden tutaşýar. Şahyr bu ahwalata içini tutup, heniz üýşeniljek günden has öň üýşenipdi.
Ýakdylar ýamanlyk odun,
Soň özleri üýşendiler.
Bapba şahyryň goşgulary öz wagtynda türkmen metbugatynda ýeterlik çap edilmedi. Emel ýeten ýaranjaň redaktorlar ol goşgulary senzorlara ýetirmän dogramaga hem parçalamaga çalyşdylar.
Nadan najyrar eger,
Çörek ýetse agzyna.
Eden-etdilik eder,
Emel ýetse azgyna --
diýip, şahyr şeýle ýagdaýlardan kän ýanypdy. “Söz bermegiňizi soraýan!” diýip ýanypdy. Emma nadanlygyň baş prinsipi söz bermezlikdi, gepletmezlikdi, aýtdyrmazlykdy. Nadanlyk başarsa, dogup gelýän Günüň öňünem etegi bilen ýapjakdy. Bu onuň tebigatyna iň mahsus häsietdi. Şahyr bolsa, bütin zandy bilen nadanlygyň, boşlugyň, ýüreksizligiň hem beýnisizligiň, duýgusyzlygyň... garşysyna çykýardy. Bu onuň ýazgydydy. Ol munuň üçin urlup-sögülmedenem, öldürilmedenem, ?rdundan kowulmadanam gaýtmaýardy, sebäbi ony çyn şahyryň ýazgydy goýbermeýärdi.
Bapba neressäniň ýazgydy hem çyn şahyryň ýazgydy boldy. Ol: “Sözler köne, ruhum täze, Söz bermegiňizi soraýan !” diýip ýazdy. Emma ne Bapba neressä, ne beýleki çynyny diýjeklere söz berildi. Köne sözler bilen täze ruhy, beýik türkmen galkynyşynyň ruhuny ýaýjaklary yzarladylar, ýanadylar. Meniň pikirimçe, türkmen halkynyň ýigriminji asyryň ahyryndaky ähli gaýtgynlary şu bela bilen baglydy. Sözi gadagan etmek bilen baglydy, pikiri bogmak bilen baglydy.
Gan sowady, karar tapdy ýürek hem,
Göwräm oýa dolup, ölüp galdym men.
Şuny az görmäliň birek-birekden,
Mahal-mahal adam boljak boldum men.
Ine, bu şahyryň kämilligiň alnyndaky ahwalaty bolmaly. Ol nadanlyk akymynyň, köpürjikläp duran gaýtgynly tolkunlaryň girdabynda ýadap, ahyry ganynyň sowandygyny, ýadandygyny we ölüp galandygyny aýdýar. Emma onuň bir göwün tesellisi bar: ol wagtal-wagtal adam boljak bolupdyr. Diýmek, dogrusyny aýtjak bolupdyr, göreşipdir. Gynanypdyr, gyýlypdyr. Biperwaý, bigeleň, öli bolup ýaşamandyr.
Yraň atmaň soňy geldi,
Men bir tarapa eňýärin.
Bu ýerler bermez teselli,
Bu ýerleri çalyşýaryn
Bir jübüt gaýyş ädige.
Goşguda ýola çykanyň ýürek dogumy, aýgydy barmy? Bar! Şahyrlar mydama ýol gözleýärler, öňe, ýagtylyga, nura äkidýän ýoly gözleýärler. Sebäbi olar batgalykda we garaňkyda oturmaga kaýyl däl. Gulçulyga kaýyl däl. Gara tümlüge, hapa, peslige kaýyllyk başlanan ýerinde şahyrlyk gutarýar, öçýär...
Bapba şahyryň neresse çaganyňky ýaly ýüregi bar. Ol men salgymyň aňyrsynda, siz bolsa bärsinde diýýär. Emma bu aýdylan söze, ýürek sedasyna şol wagt kim düşünjekdi?
Arman, şahyr gaýyş ädigini geýip, ýol çaňynyň ýeňiljek tozanynyň arasy bilen alyslara gidip bilmedi. ÝOgsa ol ýürekden uzak-uzak menzilleriň yşkyna düşüpdi. Öz halkynyň ýagty ýolunyň yşgyna düşüpdi. Bagtly menzilleriň yşgyna düşüpdi.
“Bolmady, ýüzüme urdular meniň” diýip, ol juda argyn mahallary ýazypdy. Emma hakyky şahyr ýüregine armagam, durmagam bolanokdy. Şol aýylganç gün, bir nadanyň ruluny äwmän aýlan maşynynyň zarbasyna duçar bolmadyk bolsa, ol heniz ýazjakdy, kän-kän ajaýyp eserleri döretjekdi. Muny onuň bize miras galan setirleri şahyr ýüreginiň mylaýymdan ynamly urgusy bilen şol aýdar durar, aýdar durar.
Ine, ol setirler:
Pynhan syrlarňyzy aýtmaň maňa,
“Muny özge ýerde aýtma” diýip.
Sada arzuwlarňyz bileýin diňe,
Nädeýin syr saklap, ýürege düwüp.
Aýtmaň siz maňa gara işleri...
Meniň bu ýüregme haýpyňyz gelsin.
Şahyr betnietliligiň ýere süsdürilmegini soraýar. Sebäbi oňa bu dünýäniň garalyklaryny görmek hem eşitmek şeýle bir agyr, ol oňa çydap bilenok. Göýä şahyr şu günki gün türkmeniň öz hasratyny çem gelene aýdyp, emma özüniň hiç hili hereketsiz oturjagyny we kimdir biriniň gelip özüni çukurdan çykarmagyna garaşjagyny şo mahaldan gören ýaly.
Eýsem, menem, senem, olam şol derdiň -- il derdiniň agysyny aglaýan bolsak, gara işler hakynda diňe gürrüň edip oňmalymy? Ine, şahyr ýüreginiň ýarasy şu ýerden dömýär, ganaýar. Ol özüniň ýarasynyň açylmazlygyny, gaýta oňa melhem boljak hereketiň edilmegini isleýär. Ýamanlygyň ýeriň teýine süsdürilmegini isleýär.
Hakykaty gömdüler.
Dikligine gömdüler,
bir metr aşak.
Bir ýyldan çykypdyr,
Kellesin gaşap...
Bu şahyryň iň uly ynamy. Hakykatda bu şeýle-de bolar. Çürüje beýnili, dünýäsi bir çümmüjek kişiler süregine ýetdirer. Hakykat ýalbyrap çykar. Şol ajaýyp gün gelende türkmeniň ajaýyp ýürekli gül göwün şahyry Bapba Gökleňiň nähili inçe filosofiýaly şahyr bolandygy hem uly ile aýan bolar. Oňa öz halkynyň ýüreginde orun alşy ýaly orun berler.
Bir şahyr aýtmyşlaýyn, şahyrlar köplenç obalarda doglup, uly şäherlerde dünýäden ötýärler. Ýöne olar dünýäden ötmezlerinden öň yzlarynda azam bolsa eser goýýarlar. Bu hak şahyrlaryň adaty, ykbaly!
Türkmenlerde ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz diýip bir gep bar. Gadym akyldarlaryň biri bolsa, adam ykbaly onuň özüne hem töwregine bagly diýipdir. Belki, Bapba neressäňem dogan gününden maňlaýyna ýazylan şeýle gysga ömürdir, şeýle pajygaly hem armanly ölümdir. Adatça biz ol ömrüniň gysga boljagyny duýan ýaly diýip ýazýarys. Eýsemem bolsa, şahyr heniz ýaşka, döredijilik hyjuwy joş urup durka:
Sesim eşdiler alysdan,
Salgymdan aňryk geçýärin.
Men salgymyň aňyrsynda,
A siz bolsa bärisinde - diýip näme üçin ýazdyka… Ýöne, başga bir tarapdan, “Dogry sözliň dosty ýok“, “Dogry sözlini dokuz obadan kowarlar“, “Il üçin aglan kör galar“ diýen ata sözlerini döreden iliň şahyryna öz tragiki ykbalyna turuwbaşdan düşünmekden başga alajam ýok ýaly. Sebäbi ol edebiýat meýdanyna gadam basan ilkinji gününden başlap göriplik, ýigrenç, duşmançylyk ýaly zatlaryň goldawdan, dostlukdan, söýgiden has rüstemdigini, aşaklykdan hem ýeňseden iş görýänleriň, ýalançylaryň, hilegärleriň işiniň has rowaçdygyny görme kemini goýmaýar. Belki-de, şu ýagdaýyň özem hak şahyry galp şahyrdan, bokurdak gullaryndan seçýän bir närsedir.
Bapba şahyr ýarymçyklygy, ikiýüzliligi ret edýärdi. Onuň döredijiliginde ylalaşmazlyk, ylalaşmasyz zatlara garşy berk pozisiýa güýçlidi. Şonuň üçinem onuň goşgularyny redaksiýalarda kän bir döwtalap bolup alyp galmazdylar. Emma Bapbanyň başga bir häsietem bardy, ol redaksiýalara atalap, goşgy hödürläp ýörmezdi. Ol az ýazardy. Sebäbi onuň häsietinde özünden talap etmek, özüni kämilleşdirmek agdykdy. Şonuň üçinem ol şu aşakda mysal alynýan goşgudaky ýaly kesginligi halaýardy, pikirini pert aýdýardy.
Göze çakyrym ýagty,
Bar sen, bilýäňmi nirä!
Eý sen, orramsyň bagty,
Bar sen, bilýäňmi nirä!
Elin owkalap duran,
Bar sen, bilýäňmi nirä!
Eý, takal okap duran,
Bar sen, bilýäňmi nirä!
Sen eý, iki göwünli,
Bar sen, bilýäňmi nirä!
Şahyr durmuşdaky, umuman ynsan ýaşaýşyndaky iki tarapy aýyl-saýyl etmegi gowy görýärdi. Şonuň üçinem ol goşguda, gözel poeziýada gaty bir gelişmejek “bar sen, bilýäňmi nirä” diýen ýaly gaharly aňlatmany hem şeýle bir ussatlyk bilen, tärini tapyp alýardy welin, ony gödeklikde-de, ýa başga bir zatda-da aýyplap bolmaýardy. Gaýta içiňden goşgynyň akymyna, owazyna maýyl bolýardyň, ony öz-özüň gaýtalap görýärdiň.
Hapalap geçelgäni,
Aýaga ilip durman,
Eý, zil-zibiller hany,
Baryň, öýüňze dargaň!
Eýsem, şundan beter nädip aýtjak? Şundan aňyrda-da bir aýdyňlyk bolarmy? Şundan aňyrda-da bir anyklyk bolarmy? Ýöne şahyr ýönekeý aýdyňlygyň hem, anyk düşnükliligiň hem yzyna düşüp ýörenokdy. Ol goşgyny öz gelşi ýaly, tebigatyna görä, ýasaman dogurýardy. Muňa onuň adatça kän döwnelen söýgi goşgularynda ýönekeýligi, şonuň ýaly-da juda ýürek bilen ýazýanlygy mysaldyr:
Gül meňiz, goýny jennet,
Bir ýara höwür boldum.
Garyp göwnüme medet,
Hossara höwür boldum.
Gül meňiz, goýny jennet diýen ýaly aňlatmalar klassykada näçe diýseň bar. Emma badyhowarak türkmen şygyrçylygynda ýara höwür boldum diýip ýazyp ýören ýok. Adatça, türkmenler söýgi barada ýazanlarynda-da özlerini ulurak tutanlaryny, söýdüm, guçdum, öpdüm diýen ýalyrak paňkyldylary kem görenoklar. Emma Bapba şahyr ýarynda, söýgülisinde, ozaly bilen, hossary görýär, hossara höwür bolýar.
Nämüçindir, meniň şahyryň az sanly söýgi goşgulary barada kän zat aýdasym gelýär. Sebäbi olar maňa diýseň ýaraýar. Olarda çaga päkligi, Bapbanyň öz ýönekeýligi, sadalygy, ýygralygy, utanjaňlygy duýlup dur. Ýöne olarda şol ýönekeýlik, sadalyk, ýygralyk bilen bilelikde ýürege, gursaga sygmaýan joşgunam, hyrujam bar.
Men bir - derýa, sen - deňiz,
Gomlaryňdyr - gollaryň.
Nowgülüm, goýma ýalňyz,
Billeriňdir - sallarym.
Obrazlylyk güýçlimi, güýçli. Duýgynyň tereňligi nähili? Pikir nähili? Bary ajaýyp. Goşgy tä başyndan aýagyna çenli şu ajaýyplygyň içinde eýlenen. Oňa hiç bir zat goşubam, ondan hiç bir zat aýrybam bolanok.
Men bir jahyl, sen jahan,
Zülpleriňdir tümleriň.
Gabak galdyr kämahal,
Emlerindir ümleriň.
Şahyryň başga bir goşgusynda posa hakynda ajaýyp nutuk aýdylýar.
Posalar, siz, posalar,
Ýapraklaryň şelpesi...
Belki, posa hakynda kän ýazyldy ahyryn diersiňiz. Ýöne şol kän ýazylan zat barada-da öz eseriňi goýup boljak eken. Emma muny diňe hak şahyrlar başarýarlar.
Ah, humarly posalar,
Göwnümi aldamagyn.
Sizi maňa goýsalar,
Hem ýaryň al ýaňagyn...
Ýar zülpi dek gijäniň
Gara şaly solmasyn.
Maňa düşen bijäniň
Hemmesi posa bolsun.
Güýzde giden posalar,
Düşsün durnaň perinden.
Gel, posa ber söwer ýar,
Tä geçinçäm serimden.
Owadan goşgy. Näzik goşgy. Çuň goşgy. Men ony türkmen şygyrýetindäki posa hakyndaky kän goşgularyň başynda bir ýerlerde goýardym. Sebäbi onda posa hakyndaky goşgulardaky adaty suwjuklyk ýok. Bal-şeker diýen ýaly lenç edilen meňzetmeler ýok. Gaýtalama ýok. Diňe duýgy bar. Ter duýgy bar. Şu hem maňa ýaraýar.
Bapba şahyryň döredijiligi öz wagtynda türkmen jemgyetçiligine doly ýetirilmedi. Bu-da, meger, hak şahyrlaryň hemmesiniň ykbalyna dahylly bir meseledir. Ýöne Bapba şahyryň döredijiligi barada indi edilmeli işler edilse-de giç däl.
Bapba şahyr goşgularynda göwnüçökgün däldi. Täsin bir kinaýa, ýiti akyl bilen aýtjak zadyny açyk aýdyp bilýärdi.
Azajyk akylly, azajyk agras,
Sypaýyçylyk daga ýeterlikdir has.
Azajyk pähimdar, biraz rehimdar,
Kethudalygyňam ýokundysy bar
- diýip ýazanda, şahyr durky bilen kinaýady.
Azajyk merdiräk, biraz umytly,
Onda ujypsyplyk däp bolan zatmy?
Gyşy-da azajyk, ýazam azajyk,
Siz meni bagyşlaň, özem azajyk.
Ine, şahyr şu azajyklyga garşydy. Biz oňa azajyk rehim hem, azajyk goldaw hem etmeli däl. Eger başarsak, oňa özi ýaly düşünmeli. Ony doly çap etmeli, ile ýetirmeli. Şonda şahyryň gysga ömri iň bolmanda döredijiligi bilen doly bolar.
(Bu makala "Azatlyk" radiosynda ilki "Geldi Aman" lakamy beilen, soňra awtoryň öz ady bilen efire berildi. Şeýle-de bu makalanyň ilkinji warianty Bapba Gökleňiň 2005-nji ýylda Stocholmda, "Gün" neşirýatynda çap edilen "Ýolma guşuň ganatyn" atly saýlanan goşgularyna "Geldi Aman" lakamy bilen sözbaşy edilip alyndy.)
17-nji dekabr, 2004.