“Adamlary söýýän” diýip gygyrma...
Gurbannazar Eziziň portretine ştrihler
Hudaýa şükür, bilen-aňlan üçin islendik kultdan, eger şeýle diýmek bolýan bolsa, poeziýanyň kulty, Magtymgulyň, Gurbannazaryň kulty beýik. Ýarag, türme, zorluk ýa gargyş, hile hem nadaralyk bilen döredilýän kult wagtlaýyn, näzikligiň, gözelligiň, pikiriň, çyn sözüň kulty hemişelik!
Ýöne haýp, söze, şygra gulluk edýänem gitmeli, öz halkyny zorlaýanam. Emma bir adalat bar, erteki gün Zorlukmyrat Nadarabaewiçi ýagşylykda ýatlan bolmaz. Gurbannazaryň welin, söze-senede sarpasy barlar içinde, 25 ýyl bäri, hormaty-sylagy Köpetdagdan belent. Çüňki Gurbannazar Söýginiň şahyry, Näzikligiň şahyry, Çuňňurlygyň şahyry, Paýhasyň şahyry.
Ine, adamzadyň iň zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Ol heniz diri mahaly söýgi isläpdi, ykrar sorapdy:
Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen
bir pursatlyk söýüň siz meni.
Soň bu goşgyny köpler mysal getirdiler, emma ol ýazylan wagty, şahyryn halka söýgi bilen ýüzlenýän günleri, ýeke özüň söýüp ýörmegiň birazajyk agyr düşýändigini boýun alýan günleri oňa beýle üns berilmändi ýa-da düşünilmändi. Onuň öz halkyna şalaryň elinden gelmejek serpaý ýapjagyny bolsa, belki-de, häkibir şahyr öwüňjeňligi diýip kabul edipdiler. Ol çyn söz, ýürek sözi bilen orta gelip, Gündogarda köplenç zorlugyň, nadaralygyň, akmaklygyň simwoly bolan şalar bilen bäs edipdi. Şahyr we şa meselesi onuň şygyrlarynda ýöritelenip däl, tebigy bir zat ýaly, ýüzugra keserip çykypdy. Soň onuň şahyr we şa temasyny gaýtadan işlejek bolup synananlaram boldy, elbetde.
Ony ýerliksiz gussa çekmekde aýyplapdylar. Emma onuň jogaby gysga bolupdy:
Güýçliler aglasa, ägä bolmaly,
Güýçli ýöne ýere aglaýan däldir!
Onuň her bir hal, her neneňsi ruhy ahwalat üçin goşgusy bar, ol goşgular seni nirede, nä halda bolsaňam tapýar. Ejiz, egsik günüňem, özüňden razy bolup gomalaňda-da sypdyranok. Ýeke-ýalňyz çagyň bolsa olar seni ruhy tejribäniň yzaly sykajagyna salýarlar.
Deňiz başda gök däldi-de, mawudy...
Bu setiri men hiç wagt ýat beklemändim. Asla onuň haýsy goşgudandygynam, kimiňkidiginem bilemokdym. Ýöne tomus, Ortaýer deňziniň kenarynda, ol şol dilime geldi durdy. Görüp otursam, “...Eger deňze gerek bolsa hemaýat, Onda adam ogly näme işlesin!” diýip gutarýan bu goşgy Gurbannazaryňky ekeni.
Hakyky şahyryň derdi dünýäniň derdi! Hakyky şahyr hiç wagt jeňiň, jenjeliň, şeriň adyndan çykyş etmeýär, haýra, adalata, çyna wekilçilik edýär. Kiçijik adamlaryňky ýaly kinniwanja aladalar bilen däl, her neneňsi agyram bolsa, uly ýürek, uly alada bilen ýaşaýar.
Bu dünýä düşüniň,
Onuň suwlarnyň
Ýokardan aşaga akyp gelşine.
Mekansyz, watansyz ördek-guwlaryň,
Keýpleri gelende göge galşyna.
Düşüniň bu dünýä, beýik alymlar,
Milýon böleklere bölüň atomy.
Böleklerden ýene bölek ýasaň siz,
bitewi bolsa bor dünýäň adamy.
Gurbannazaryň goşgulary hiç wagt gury öwüt-ündew ýa gurak akyl satma däldi, owadan mukam ýaly, süýji saz ýaly näzik heňdi. Sadady. Emma oňa çylşyrymly, agyr şahyr diýesi gelýänlerem bar. Türkmen okyjysy oňa düşünenok, okyjy diňe Kerim Gurbannepesiň derejesindäki halky goşgulara düşünýär diýýänler-de bar, elbetde. Bu bir tarapdan dogry. Ýöne okyjynyň ösmegine kim päsgel berýär ýa-da mydama çeýnäp bermeli diýen zat ýok, çaganyň özem iýmäni öwrenmeli. Ýöne bu ýerde şahyra düşünip-düşünmezlik hakda gürrüň etmän, Gurbannazar öz çylşyrymly ýaly, ýöne gaty sada goşgulary bilen ozal öwrenişilen ýöntemlik galybyny owratdy, başga-başga äheňleri, täze heňleri getirdi diýsek, her täze şahyr şeýdip öz ýoly, öz galam ýörediş, öz pikirleniş usuly bilen gelse, edebiýat, milli medeniýet nähili baýlaşardy diýsek has dogry bolar.
Şahyr şygyrýetde halys sürçegi çykan söýýän-köýýänligi ýa-da pikiriň şeýle ýöntemligini ýazgarman biljek däldi, emma ol ýazgaranda-da, ýaňy edebiýata gelýärkä, 68-nji ýylda-da çuňňur medeniýetlidi:
Adamlary söýmek - ýeňil iş däldir,
Adamlary söýmek - uly hünärdir.
Kimler demir ýenjip söýýändir ony,
Kim Sibirden geçip söýýändir ony.
Serhetde adamy söýýändir esger,
şahyr adam söýüp ýazýandyr eser.
“Adamlary söýýän” diýip gygyrma,
Bu bir boş sözlere sarpa goýmakdyr.
Sen gygyrma. Hünäriňi dowam et,
şunuň özi adamlary söýmekdir.
Bu gün, bütin türkmen halky türmeden geçirilýärkä, onuň kapasadaky gaplaňy nähili aktual!
Bu gün, gazet nobaty ýatyp, çörek nobaty artýarka, onuň guwanan özgerişleri nähili derejeli!
Ol şygryň, halkyň medeniýeti hakynda ýazypdy, öz halkyňy bir gez ýokary götermek, bir ädim öňe äkitmek isläpdi...
Agyr ýyllarda ýüzüňi açan, neresse çaganyň elinden çöregini alýan ejiz diýen millet, gorkaklardan gorkmak, ýitiligin ýerine kütekligi aýlap-aýlap salmak, dogry sözi ýüzüne aýdýan gödeklikden has ýaman, duýman durkaň arkadan pyçak urýan sypaýyçylyk, kiçi bolmagyň günäligi, käte merdiňem ýagşylyga garaşýanlygy, päkligiňde çagaň ýaly bolmak, ejizligiň başlanan güni gaplanlygyň gutarmagy - bularyň hemmesi Gurbannazaryň edebi äleminiň, şygyr dünýäsiniň sütünleri. Olary Gurbannazar galdyrdy, başga hiç kim galdyrmady. Dörediji adam, şahyr öz sözler, düşünjeler, prinsipler, pikirler, garaýyşlar, pozisiýalar çelgisini çekip bilmese, öz edebi öýüni, dünýäsini dikeltmese, kim onuň alty ganat ak öýüne myhman bolar. Gurbannazar Eziz az ýaşady, ýöne öz alty ganat ak öýünem dikdi, içi tämiz-tereň howaly, beýik eýwanly dünýäsinem miras goýdy.
Aslynda, türkmen dilinde şygra Gurbannazar ýaly düşündiriş beren, ony şygyr dilinde beýik sadalyk bilen çöwrüp giden başga bir şahyr ýok. Onuň üçin poeziýa hemme zat. Hemme zat poeziýa däl. Ol poetiki prinsiplerini şeýle çelgiläpdi, bu çelgini indi türkmençe üýtedip ýa täzeläp bilen bolar öýdemok.
Ursa -- ýykýar. Ýykylany galdyrýar.
Teşneleri teşnelikden gandyrýar.
Oň üçin serhet ýok. Erkin ogul ol.
Ol ähli serhedi ýel bolup pozýa --
ýürek - aňyň nikasyndan dogulan
Onuň Alyhezretleri Poeziýa!
Bir seretseň - söýgiň başky namasy,
bir seretseň - halkyň ary-namysy,
Ol kuwwatly. Işlemekden armaýar.
Ganym duşsa ýürek-bagryny ezýä.
Ýöne
Käwagtlar sessiz aglaýar
Onuň Alyhezretleri Poeziýa!
Oň hasaby uly. Uly geljegi.
Oň derdini hiç kes göterip bilmez.
Eger güýçlüligiň birlik ölçegi
Poeziýa diýsek, ýalňyşlyk bolmaz.
Dünýede sebäp köp başyň egmäge,
Güýçliniň jigeriň şer işler ezýä.
ähli oklar ilki bilen degýärler
Onuň Alyhezretleri Poeziýa.
“Hakyky şahyr diňe öz halky bilen dem alany üçin hakykydyr”- bu Gurbannazar Eziziň sözleri. “Duşmana sögeniň bilen onuň abraýy kemelmeýär, dosty söýeniň bilen onuň abraýy artmaýar” - bu sözem Gurbannazaryňky. “Halkyň medeniýeti - onuň beýikligini kesgitleýär” diýenem Gurbannazar Eziz. Men onuň bu sözlerini birwagtlar belläp goýupdyryn. Sebäbi bu sözler onuň şygry, sözi, edebiýaty halk hem onuň medeniýeti bilen bir bitewi görýänliginden nyşandy.
Döwletinden, döwranyndan aýrylyp, ýüzlerçe ýyllap urlan, çapylan, talanan hem depelenen ruhy maýyp halky Mattymguly ýaly bir şahyr dikläp-dikeldip gidip bilýär. Hakyky şahyryň ruhundan syzylyp çykan söz bütin bir milletin ruhuny abatlaýar, kalbyna nur, ýüregine ynam berýär. Ol ynamy lek-lek goşun bilen, ok-naýza, top-tüpeň bilen gazanyp bolanok, çyn söz bilen gazanyp bolýar. Onsoň ol sözi ýakybam bolanok, ýok edibem. Şahyry zyndana atyp bolar, elbetde, öldürip-de, garalap-da bolar. Kemsidersiňem. Ýöne hak söz galar. Eger türkmeniň Kerkukda jaýlanan Fizulysy, Halapda galan Nesimisi, Türkiýede galan Ýunus Emresi, Jelaleddin Rumusy, Garaja Oglany, Aktokaýda ýatan Azadysy, Magtymgulysy, mazarlarynyň nirdedigi bilinmeýän Seýdileri, Zelilisi, Mätäjisi, Saragtyň ýokarsynda, Eýran bilen araçäkde ýatan Keminesi bolmadyk bolsa, şolaryň ejirli hem mukaddes ruhundan gaýdan beýikden sada, görkanadan maňyzly sözem bolmazdy, döwleti-döwranam. Şolaryň sözi bolmadyk bolsa, iliň üstüne ýagy çozanda, gylyç götermäge, ata çykmaga gaýratly ärler ýeterlik bolman bilerdi. Täçgök Serdarlar, Gowşut, Nurberdi hanlar, Gaýgysyz Atabaýlar meýdana gelmän bilerdi.
Gurbannazaryň döwri hakyky edebiýat, çyn söz üçin ýeňil ýa-da amatly bolupdy diýýänler bilen men ylalaşmaýaryn. Dogry, Stalin serdaryň türme doňaklygyndan soň biraz maýylganlyk döräpdi. Ýöne şol döwürde-de çyn söz, hakyky edebiýat döreden şahyrlar beýle köp bolmandy. Belki, munuň üçin okuw-bilimden başga hudaý tarapyn gowy, türkmen aýtmyşlaýyn, hem atyň kellesi ýaly uly, hem duýgur ýüregem gerekdir.
Elbetde, hemme şahyr goşgy ýazýar, ýöne her bir goşgy ýazýan şahyr däl. Hiç kim özüniň şahyrdygyny kesgitläp ýa-da zor bilen ykrar etdirip bilmeýär. Bu ýerde nadaralygyňam, mekirligiňem, tanyş-bilişdir puluňam peýdasy az. Iň ýamany bolsa, käbirleriniň pikir edişi ýaly, şahyrlyk şöhratdan meýmiräp ýörmeli hezilligem, hözirem, eşretem däl. Ol tükeniksiz azap, ruhuň pitnesi hem agyr ýük. Parahat döwürde ol ýüki halkyň meýmirän ruhundan gözläp tapmaly bolsa, agyr günde ol ýüküň aşagyna diňe gerdeniňi däl, kelläňi, ýüregiňi tutmaly.
Gurbannazaryň beýikligi poeziýa şu nukdaý nazardan garanlygyndady. Onuň ynanjy çuňdandy, ýürekdendi. Men bu sözi Gurbannazar bilen tirkeşen, dost bolan adam hökmünde aýdamok, onuň ýönekeý bir okyjysy hökmünde aýdýaryn. Men onuň goşgularyny 25 ýyl ozal, Tejende gowaçan içinde sermenip ýörkäm tapypdym, toýda-tomguda, oturyşyklarda okardym, studentlik ýyllarymyzda bolsa ol biz ýaly goşguçylaryň ählisiniň Taňrysydy. Soň men ol goşgulary KGB-MHK-nyň türmesinde başujyma alyp ýatdym, norweg sürgünliginde-de ol meniň ruhy hemram. Çüňki Gurbannazaryň ruhy çyn sözden gorkýan hem şol gorkusy üçin çyn söze duşman namartlar bilen jeňdedi. Esgilerden, doklukdan hemem ähli artykmaçlykdan halas bolmaga çagyrýardy. Küteklik bilen çapýan küteklige garşydy.
Ol türkmen poeziýasynda täze bir döwri döredipdi. Rehmet Seýitden, Gara Seýitliden, Mämmet Seýitden, Kerim Gurbannepesden Ata Atajandan, Allaberdi Haýytdan, Berdinazar Hudaýnazardan soň dörän bu edebi galkym Gurbannazaryň edebi tolkunydy. Ol tolkun deňizde ullakan bir gämi ýa-da gämiler toplumy geçip gidendäki ýaly güýçlüdi, uludy. Beý diýildigi, Gurbannazar uly-uly sözledi diýildigi däl. Ol juda beýik kiçigöwünlik bilen ýazypdy. Men onuň galamynyň medeniýetine, sözüniň medeniýetine baş egýärin. Ol megerem hiç kime hyňranyp goşgy ýazmandy, şygyrda döşüne ýumruklamandy, köplenç edilişi ýaly, özüni aklamandy. Öwünmändi, etmejek işini söz bermändi. Tiken, awy, çüý okla, şahyr ýüregi gül döreder diýipdi.
Ol sözden çemen bogupdy, owadan, dürli-dürli meýdan güllerinden boglan ýaly, ýöne hiç mahal solmajak, türkmen dili, türkmen ruhy ýaşasa ýaşajak çemen bogupdy. Onuň döreden edebi akymy, sözüň, şygryň medeniýetinii täze bir akaba, gündogar bilen günbatar edebiýatynyň sintezinden döreýän ruhy bitewilige, gözellige getirýän ýürek tolkunlary diňe okyjylary däl, eýsem onuň döwürdeş galamdaşlarynam täze bir derejä, täze bir belentlige göteripdi. Uniwersitetdäki edebiýat mugallymymyz Halyl Kulyýewem, syýasat bilen jahankeşdelikden poeziýa gelen Annaberdi Agabaewem, Italmaz Nurydyr Baýram Jütdem, Atamyrat Atabaýdyr Ahmet Gurbannepesem, Nobatgulydyr Şiralam, olardan soňky nesillerem şol akyma, şol belentlige dalaş edýärdi. Bu döwür türkmen edebiýatynyň hakykatdanam galkynan döwri bolupdy, Puşkini açan Belinsikiniň hünäri, edebi tankydam bu döwürde täze bir derejä galypdy. Abdylla Myrat, Saýlaw Myrat, Hanguly Taňryberdi, Nargylyç Hojageldi, Öde Abdylla, Durdymuhammet Nuraly, Ahmet Bekmyrat edebi pikiriň, çekişigiň, jedeliň medeniýetiniň ösmeginde uly özgerişlik döredipdiler, edebiýat hakyky akar suwa aýlandyrylypdy. Şygyr, kyssa kitaplary bilen bir hatarda edebi makalalar hem neşir edilip başlapdy. Gurbannazaryň Abdylla Myrada bagyşlan ajaýyp goşgusy bardy, Halyl Kula jedelde şygrymyzyň ýarasy biter diýýärdi. Emma indi bu zatlaryň hemmesi ýatlama boldy, tankyt bolsa diňe ýok edilmek däl, näletli bir iş bolup galdy...
Elbetde, bu täze akymy diňe Gurbannazaryň adyna bermek dogry bolmazdy. Sebäbi bu ýerde ýigriminji ýyllardan, Ezizow aýtmyşlaýyn bolsa otuzynjy ýyllaryň goşgularyndan gaýdýan kanunalaýyk ösüş ýoly bardy. Ýöne Gurbannazar şol döwrüň iň sowatly, iň täzeçil şahyrydy, baýdak göterijidi. Ol diňe okyjylar üçin şahyr däldi, şahyrlar üçinem şahyrdy! Gynançly ýeri, Gurbannazardan soň, hususanam häzir, şol baýdak ýere gaçan ýaly...
Megerem, Gurbannazar hakynda ýazylyşy ýaly, Magtymguly hakynda-da beýle kän makala ýazylan däldir. Men muňa Gurbannazaryň okyjysy hökmünde guwanýaryn. Goý, makalaçylar käte özleri hakynda artygragam aýdaýsynlar, Gurbannazar bilen dostduk diýsinler, öwünsinler. Aýby näme, Gurbannazar hakykatdanam olaryn dostudy. Ol diňe ýatlamaçylaryň däl, bütin halkyn dostudy. Halk medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň hakyky dostudy. Ol hatda gowşak şygyr ýazýanlaram ynjytmak islemeýärdi, olardan iň bolman gowy okyjy-ha çykar diýýärdi. Eýsem bu adamyň beýik medeniýetinden, öz halkyna, milletine dostlugyndan habar bermeýärmi.
Ýöne iň uly delil onuň goşgularydy, poemalarydy. Ol dostlaryna Sizi Magtymgulynyň ruhy gorasyn diýipdi. Ol Magtymgula, meniň pikirimçe, iň ýakyn baran şahyrdy. Ol Pyraga ýüzlenip şeý diýipdi:
Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy,
Emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
uly ýürek ulusyny göterdi.
Namart gülýär mert kişiniň halyna,
Dünýede şer işiň bolany üçin.
Ejiz ýürek bilen ýaşasa bolar,
Uly ýürek bilen ýaşama ne kyn...
Adamyň zehini beýik bolanda,
bahyllar üstüne labyryn atar.
Ýöne akyllaryň ýogalan güni,
Hatda şol milletem başyny tutar.
Kimse çykar uzak-uzak ýollara,
Şatlyk buşlap, gapylary kakmaga.
Kimse çykar şol buşlukçyň öňünden
onuň tigirine taýak sokmaga...
Şeýdip, çüýrük merduwana çykarlar,
Köňülleriň bir pasyljyk şat edip.
Han-begler,
Şazada,
Şalar ölýärler.
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.
Hak şahyrlaryň guran döwleti, hak şahyrlaryň diken ak öýleri egriler däl, dogrular üçin ähli döwletlerden beýik, ähli ýurtlardan giň. Ol ýurtdan dogryny zor bilen çykaryp bolmaýar. Şahyrlaryň guran döwleti öz ak ogullaryna islendik demokratik döwletden wepaly. Hak şahyryň ruhundan bina bolan döwlet öz söwdaly gullaryna eýi bakmaýan tanrynyň bitirmeýän işini bitirýär, ýekirilen, ýanalan, namart urlan, nähak garalanan ynsanlara ýürek hemaýatyny berýär.
Söz - bu gazap bilen çakan ýyldyrym,
Söz - bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir.
Başarmasaň, ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam -- lowlap duran Günüňdir.
Ol özüni aýamandy. Bu gün onuň şygyrlaryny gaýtadan okap, onuň ýüreginiň, beýnisiniň näderejede kän ejir çekendigine, näderejede birahat, aladaly bolandygyna düşünip galýarsyň. Ýok, käbir şahyrlar ýaly, ol asla owadan söz bilen oýnamandy, owadan goşgy ýazjak bolup azara galmandy, owadan söz, owadan goşgy onuň pikirlerinden, alada-oýlaryndan, halk hem onuň ruhy, medeniýeti baradaky jebirli oýlanmalaryndan döreýärdi.
Belki, bu bir kanunalaýyklykdyr, uly ýüreklileriň agyr ykbalydyr, türkmen medeniýetiniň Gurbannazar Eziz, Nury Halmämmet, Annasoltan Kekilowa, Çary Nurum, Halyl Kuly, Italmaz Nury ýaly wekillerine-de, olardan öň Saryhanowa-da, Agahan Durda-da, Kerbabaewe-de, Burunowa-da, Täçnazarowa-da, Kümüşaly Böriýewe-de, Alty Garla-da, Aman Gulmämmede-de, Orazmuhammet Abdalowa-da, Mäti Kösedir onuň edebiýatçy, dilçi kärdeşlerine-de, Bäşim Nurala-da, Ata Gowşuda-da, Sahy Jepbardyr Orazgeldi Ylýasa-da, hiç birine durmuş aýnap ýörmeli ykbal bermändi. Belki, bu olaryň öz halkyny beýgeltmek islegine wagtynda dogry, bolmalysy ýaly düşünilmänliginden. Belki-de, biziň halkymyzyň öz beýgeltmeli ogullaryny wagtynda-da, soňam bolmalysy ýaly beýgeldip bilmeýänliginden. Olary durmuş ýa-da dowam edýän düzgün ýeke-ýekeden döwüpdi, ýekelikde maýrypdy. Ýykyljak haýata bir kerpiçden direg bolmaz diýip, olary ne ýekelikde, ne-de bitewilikde, halk, millet goldamandy, ýowuz bela bilen ýeke goýupdy. Megerem bu halkyň halk, millet derejesine göterilmeginde möhüm meseleleriň biridir. Dagarman, bizde henizem suw getiren däl, küýze döwen hem şol küýzäniň gyýçagyny iliň ýüzüne-gözüne somlaýan hormatlanýar.
Biz bu derdi gaýtalaýas müň gezek,
Ony ýene gaýtalarys bir meýdan.
Balyk diýilene bir umman gerek,
Adam diýilene bir giden meýdan.
Jeňňel bolsun şir-peleňler mesgeni,
Durna erkin bolsun gökde hem ýerde.
Düşünýärin, bu köpleriň islegi,
Şu oý köp adamy goýýandyr derde....
Bir tarapda durna, ganaty bagly,
Peleň dur, demire gaýraty bagly.
Ortada adam dur, öňünde balyk,
Darlyk.
Gurbannazar Eziz şu darlygy, çäklilikleri böwsüp çykjak bolupdy, halkyna, milletine, adamzada giňlik isläpdi. Emma ony bir gaçgagyň namart oky ýolundan saklady hemem şol ýerde baky alyp galdy. Emma ol wagtynda Lermontowy, Puşkini okdan gorajak bolupdy, Dantes hakynda goşgy ýazýardy. Şonuň bilen birlikde-de onuň idealy Musa Jelildi.
Eger öňde-soňda
hakyky şahyr
kim - diýseler adyň tutardym welin,
Sen şeýle ýönekeý
hem kiçigöwün,
bilýän, öwgim saňa ýaramaz, Jelil.
Seniň beýikligiň sebäbi näme,
neçüýn ajal senden gelipdir ejiz,
çüňki sen diňe bir goşgular ýazman,
ýazylan goşgyny goradyň, Jelil.
Eger dünýäň bar şahyry jem bolsa,
sarsdyrdy sesleri ümmülmez Ýeri.
Ýöne içlerinde ajalyň gözne
Bakyp, goşgy ýazjak känmikä beri!
Zalym ajal diňe Musa Jelilden däl, Gurbannazardanam ejiz geldi. Gurbannazar unudylmady, ol hemişe biz bilen, türkmen bilen. Türkmen ýaşasa, olam ýaşar! Biziň milletimizi seniň ruhuň gorasyn, şahyr!
"Azatlyk" radiosynyň haýyşy bilen ýazyldy we efire berildi.)
28-nji sentýabr, 2000.