Terjimeler : Print üçin versiýasy Bookmark etmek üçin

Söz manysyn biler bolsañ...

Gadymy Hytaý hekaýalary

Üç hozmy ýa dört

Sañ ýurdunda bir adam işi-pişesini maýmyn saklamak edinipdir. Ol maýmynlara, maýmynlar hem oña düşünýän ekeni. Maýmynçy öz maşgalasynyñ agzyndan kesip, maýmynlaryna iýdiripdir. Ýöne bir ýyl guraklyk bolup, öýdäki azyk-suwlugyñ añyrsy görnüp başlapdyr. Onsoñ maýmynçy maýmynlarynyñ iýmitini kemmäge mejbur bolupdyr. Ýöne ol maýmynlar muny kabul etmez öýdüp gorkup, olary aldamak kararyna gelipdir.

-- Ýyl agyr geldi, azygy tygşytly tutmasak boljak däl. Şoñ üçin men size her gün irden üç, agşamlyk dört hoz bersem bolarmy? -- diýip, maýmynçy maýmynlaryndan sorapdyr.

Muny eşiden maýmynlar dergazap bolup, ala-wagyrdy turzupdyrlar.

-- Bolýar, oñ ýaly bolsa, men size irden dört, agşamlyk üç hoz bereýin-- diýip, maýmynçy maýmynlarynyñ ýüzüne soragly bakypdyr.

Maýmynlar muña hoş bolup, duran ýerlerinde dik ýokaryk böküşipdirler.

Kepderi getirmek däbi

Hantan ýurdunda täze ýyl güni şazada kepderi tutup getirmek däp bolupdyr. Şazada kepderi getirenlerden hoş bolup, köp kepderi tutana uly-uly sowgatlar beripdir.

Günleriñ birinde, amatyny tapyp, dogruçylyñ biri şazadadan bu däbiñ sebäbini sorapdyr.
-- Täze ýylda, rehimdarlygymy görkezmek üçin, men ol kepderileriñ ählisinii azat edýän -- diýip, şazada soragyñ jogabyny nagt edipdir.

-- Siziñ kepderi boşatmak islegiñiz üçin, iş-derdini goýup, raýatlaryñyz kepderi tutýar. Şu tutha-tutluk bir topar kepderiñ başyna ýetýär. Eger siz hakykatdanam kepderleri halas etmek isleseñiz, onda raýatlaryñyza kepderi tutmagy gadagan ediñ. Sebäbi siz olary azat etmek üçin tutdurýarsyñyz, onsoñ bu ýerde siziñ rehim-şepagatyñyz ýetiren zyýanyñyzyñ öwezini doldyrmaýar -- diýip, dogruçyl bu manysyz däbiñ ýatyrylmagyny sorapdyr.

Doñuz näme üçin öldürildi

Günlerde bir gün Teñ Şeniñ aýaly bazara gitmekçi bolupdyr. Görse, ogly hem aslyşyp, ejesinden galmak islemändir.

-- Bar, oglum, öýde gal, gelemde señ üçin ýatakdaky doñzy öldüreris – diýip, ejesi ogluny yzyna dönmäge razy edipdir.

Oglanyñ ejesi bazardan gelse, äri ýatakda doñzy öldürjek bolup ýörmüş.

-- Gyýw, señ edýäniñ näme? Men o sözi diñe çagany köşeşdirmek üçin aýtdym-a -- diýip, aýaly ärini saklamaga çalşypdyr.

-- Beýdip çagany aldamak bolmaz – diýip, äri öz diýenini berk tutupdyr. -- Çaga ene-atasynyñ her bir hereketinden nusga alýar. Eger sen çagany aldasañ, sen oña ýalançylygy öwredýärsiñ. Eger ene çagasyny aldasa, perzent enesine ynanmaz. Beýdip çaga terbielenmez -- diýip, oglanyñ kakasy doñzuñ damagyny çalypdyr.

Göçýän baýguş

Günleriñ birinde baýguş bilen kepderi pete-pet gelipdir.
-- Ugur nirä? -- diýip, kepderi sorapdyr.
-- Gündogara barýan -- diýip, baýguş jogap gaýtarypdyr.
-- Ne birden Gündogara şaýlandyñ? – diýip, kepderi onuñ ýakasyny goýbermändir.
-- Bärde adamlar meniñ sesimi halanoklar. Şu sebepden Gündogara göçmegi karar etdim.

Kepderi başyny ýaýkapdyr:
-- Oñ ýaly bolsa, sesiñi üýtgetmeli ekeniñ-dä. Sesiñ şu bolsa, täze baran ýeriñde-de adamlar halar öýdemok.

Göterim paýtunçy

Günleriñ birinde Çi ýurdunyñ baştutany paýtunly bir ýere barýan ekeni. Paýtun derwezeleriniñ gabadyndan geçende paýtunçynyñ aýaly öz äriniñ hondanbärsi çişip, atlary gamçylap barşyny görüpdir.

Agşamlyk paýtunçy öýüne gelende, aýaly onuñ bilen aýrylyşmakçydygyny aýdypdyr. Paýtunçy munuñ sebäbini sorapdyr.

--Ýen Şu Çi ýurdunyñ baştutany, ony bütin ýurt tanaýar. Ýöne men ony paýtunda başy aşak hem pikirli halda gördüm. Sen bolsañ bir paýtunçy, ýöne başlyk çekýän diýip, çişip ýarylaýjak bolýañ. Men seni şuñ üçin terk etjek -- diýip, paýtunçynyñ aýaly öz kararynyñ sebäbini düşündiripdir.

Bu gürrüñden soñ paýtunçy ýeli giden meşik ýaly myssarypdyr. Ertesi döwlet baştutany ondan näme bolanyny sorapdyr. Paytunçy bolan wakany bolşy ýaly aýdyp beripdir.

Paýtunçynyñ aýdylan sözden many alyp bilşine begenen döwlet baştutany oña abraýly bir iş ynanypdyr.

Iñlisçeden terjime eden Baýramsoltan Annagurban. Praga, 2003.

Yurt zhurnalynyng arhiwi
salgy bermek  uchin