Ol oýnamak islänok
Ýan Ryboviçden terjime
Ol oýnamak islemeýär! Hol beýlede, bir gyrada oturyp syn edýär. Biziñ oýnumyzy synlaýar.
Biz oña bir ýa iki gezek aýtmadyk:
-- Ýör, biz bilen oýna!
Ýöne ol bir gezegem biz bilen oýnamak islemedi...
Bir gezek ol hiç kim hiç zat soramazdan dil açdy:
-- Bu dünýäñ adamy däldigime düşünemden soñ, meñ özümde hiç bir ýetmeziñ ýokdugyna gözüm ýetdi.
Ol özüni kimdirin öýdýär?
Diñe seredýär, synlaýar. Göz aýlaýar. Bir gezegem biziñ aramyza gelmedi, biz bilen elleşip görüşmedi. Ol bizden gaça durýar. Hamala, şel açanymyz bar ýaly, bize galtaşmaga gorkýar...
Ýa biz kesellimikäk? Haýsydyr bir elhenç kesele uçradykmykak? Ýa biz erbetmikäk?
Näme üçin ol biziñ gözümiziñ alnyndan ýok bolup gitmeýär? Eger ol biz ýaly bolmak islemeýän bolsa, näme üçin hemişe bize öýkeli çaganyñ gözi bilen bakýar?
Ol öz bigäne garaýyşlary bilen bizi ýene haçana çenli ysmaz etjekkä? Näme üçin ol bizi öz günümize goýmaýar?
Biz muny uzak çekip-çydap bilmejegimizi duýýarys, beýle yagdaýyñ baky dowam etmegi mümkin däl! Munuñ bir soñy bolmaly, hökman soñy gelmeli! Ir ýa giç bu soñlanmaly...
Biz özümiziñ oýnaýan ýerimizi hem üýtgedip görýäris, ýöne ol bizden hiç galmaýar hem nirä barsak yzymyzdan gelýär. Haçan görseñ gapdalyñda bir ýerdedir.
Ol oýnamaýar, ýeke gezegem oýnamady.
Bar edýan zady, hool beýlämizde dikilgazyk bolup, sessiz synlaýar.
Eý hudaý, muny artyk çekip-çydamak mümkin däl!!!
Ol kim, özüne kimdirin öýdýär?!
Birdenem, özümizem bilmän bir-biregiñ gulagyna şol bir zady pyşyrdamaga başlaýarys: onuñ gözleri bize erjellik bilen şol hemme zady görýän Göreji, gudraty güýçli Tañrynyñ gözlerini ýatladýan ýaly-la... Adatça nur saçýan üçburçlukda şekillendirilýän şol Göreji ýatladýan ýaly-la onuñ gözleri...
Ýok, ol Hudaý däl ahyryn!
Näme üçin ol gitmeýär, ýok bolmaýar?
Näme üçin ol bizi hiç öz günümize goýanok?
Biz duýýarys: ol eýýäm biziñ özüne nähili garaýanymyzy bilýär. Elbetde, biz oña duşmançylykly garaýarys!
Näme üçin ol gaçmaýar, başyny gutarmaga synanyşmaýar? Näme üçin öz manysyz garaýyşlary bilen bizi däliräre getirýär? Näme üçin iñ bir gyzyk wagtynda oýnumyzyñ mazasyny gaçyrýar?!
Biziñ ýigrenjimiz ösýär. Biz ony ýigrenýäris. Ýöne-möne-de däl gaty ýigrenýäris!
Biz ony öldürmegiñ, ondan belli-külli dynmagyñ pikirini edip başlaýarys.
Häzirlikçe bu barada biziñ herimiz öz ýanymyzdan pikir edýäris, ýöne myny bir-birimize açyk aýtjak wagtymyz hem daş däl, gaty golaý...
Biz ony öldüreris. Öldüreris! Biziñ durmuşymyz onuñ gözegçiligi astynda dowzaha aýlandy! Ejire, azaba öwrüldi!
Ol hemme zady görýär, bar zady bilýär! Biz muny duýýarys! Ol hiç zat aýtmaýar, ýöne biz bilýäris: oña biziñ ýaşryn pikirlerimiziñ bary aýan, hemmesi belli!
Myny çekip-çydamak mümkin däl. Hamala diýrsiñ, biz onuñ göz öñünde çuw-ýalañaç ýaly. Biziñ arzuwlarymyz ogurlandy, uly-kiçi syrlarymyz talandy, ymtylyşlarymyz, bar etsem-petsemimiz alnyp gaçyldy!..
Ol eýýäm bize edýän pikirimizi bilýän ýaly seredýär... Hamala, biziñ ony öldürmekçi bolýanymyzy bilýän ýaly bakýar. Ýogsam bolmasa, ony öldürmek planlary entek diñe añda bişirilýär. Biz entek muny daşymyza-da çykaramzok...
Näme üçin ol gaçmaýar?..
Ine-de biz etmelisini etdik! Işi bitirdik!
Biz ony öldürdik!
-- Näme üçin sen gaçmaga synanmadyñ?! – Biz ondan ölüp barýarka soradyk.
-- Nirä? – Ol pyşyrdady.
Bu onuñ iñ soñky sözi boldy. Şondan soñ ol ysgynsyz ýylgyrdy hem öldi.
Onuñ ölşi hem edil ýaşaýşy ýaly boldy. Tasdan sözsuz, bir gezegem iñlemän, nalaman öldi.
Biz ony öldürdik...
Onsoñ biz ahyry ýeñillik bilen dem aldyk. Ony jezalandyrmak bilen birsellem arasy kesilen oýnumyza gaýtadan başladyk.
Wyjdan azabymyz, çaga agysy ýaly, gaty uzaga çekmän, yz galdyrman, ejir bermän sowuldy...
Biz ýene özümizi erkin duýduk. Azat duýduk! Çäksiz çyzyksyz. Biz edil derýanyñ kenarynda şapadañlaşyp ýören hudaýlar ýalydyk...
Gök asmanyñ astynda, utanjy-haýany bilmän, aýallarymyz bilen keýp çekdik. Edil bigünä çagalar ýaly gülüp-oýnadyk...
Ol indi ýokdy.
Biz bagtlydyk. Azatdyk...
Ýöne birden aramyzdan, özümiziñkilerden biri çete çekildi.
Ol bir gyra çekildi-de, agajyñ aşagynda oturyp, bize seretmäge başlady.
Ol bize hiç zat diýmedi, edil şol öñki ýaly, sessiz seretdi oturdy!
Edil şol öñki ýaly, ol hem biz bilen oýnamak islemedi...
Rusçadan terjime. Noýabr, 2007

