Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
az gördüňmi öňkiň ýykan jaýlaryn,
näme etdi türkmen size, ozalky
urulany, gyrylany azmydy,
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
ýeňlet iliň agyr düşen ýazgydyn!
Diktatoryň aýagynyň astynda
tahýasy trýapka boldy türkmeniň,
özi boldy gynanylýan mähelle,
ol gelene gel diýerdi işikden,
näçe bolsa, gaşyn çytman sähel-de,
saçagyny giňden ýazyp, baryny
Men indi ol öňki sada oglan däl,
tanyşlara, nätanyşa, kesekä,
adam bolsa, adam ornunda goýup,
elden gelen ýagşylygym edemok,
kösenemok, ýitiremok wagtymy,
gel diýseler, ýola çykyp gidemok...
Batan araba ýaly,
ýatan öküz mysaly,
gije, gündiz, ýaltanma,
sen özüňi itekle,
ýükle, ýadap düşürme,
ýüküň ýeňil bolmasyn...
Jaý ýerinde ýalan ýagşy,
bolup biler, jedelleşme,
ýa ýalançy diýip dünýä,
gülen bilen kejeleşme,
ýöne agşam, ýa-da irden,
sen özüňe çynyňy diý...
Sen o diýen tanamaýan kişiňe,
ýa tanaýan çalak-çulak, ýarymçyk,
'hä' berseň-de, eger-eger ynanma,
gepini getirse başga biriniň,
tanaýaryn diýip ýören adamyň,
ýa nätanyş, çalak-çulak bilýäniň...
Şükür, asmanymyz arassa diýme,
Siriýa däl, Owganystan, Yrak däl,
ýa daş etsin, rus oky ýagmaýar,
diýme Palestina bolmasak bolýar,
dogry, eger biraz adalat bolsa,
kanunlar işlese, adamy adam...
Çukur, çukur, milli çukur,
tire-taýpa girdaby çuň,
ýykylana hezil edip,
gülüşýän kän jakyr-jukur,
bolaýdy-da, wah, boldu-la,
henizem az, hehe-hehe...
Çala tanşyň azgyrylsa birdenkä,
öz gözünden görüp, müňkür, gazaply,
ne ýaşyňy sylap, ne-de işiňi,
ýumruk salman, döwjek bolsa dişiňi,
aňsat ýaly ýigrenç bilen ýaşamak,
ýa-da köne tanyş, ýüzüňe gülüp...
Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.
Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.
annagurban.com copyright © 2006-2024