“Men-ä seni satdym, sen meni satdyñ...”
George Orwell hakda oýlanma
Gojaman dünýede baý bolýanam, beg bolýanam bar, ýöne bir geñ ýeri – bularyñ ikisi-de ýazyjy bolmak, kitap çykartmak isleýär. Megerem şondan,Gurbannazar şahyr:
--Han-begler, şazada, şalar ölýärler,
Halk aglaýar şahyryny ýat edip – diýipdir.
Meger şalary, baý-zeññin kişileri şu hili şöhrat, bakylyga isleg däli edýändir. Herhal bu gep bu ýerde galsyn. Biziñ bu günki söhbetimiz onuñ alyhezretleri Edebiýatyñ gerçekden ägirt bir esgeri, dünýäde iñ bir söýlüp okalýan ýazyjylaryñ biri George Orwell (Eric Arthur Blair) hakynda. Progressiv adamzat 25-nji iýunda(2003) George Orwelliñ doglan gününiñ 100 ýyllygyny baýram etdi.
Eýsem, George Orwell kim, biziñ turkmen okyjylarymyz ony ýeterlik bilýärlermi? Bu soraga oñyn jogap bermek kyn. Sebäbi beýik ýazyjynyñ dünýä belli “Mal fermasy-da”, “1984” atly meşhur eseri-de türkmen okyjysyna elýeterli däl. Her näçe gynansak-da, George Orwell türkmen okyjylaryna indi ýetirilmeli.
Elbetde, bu gijikme türkmenleriñ ol eserleri okamak islemänligi ýa-da ol derejedäki ýazyjylara düşünip bilmekden beýnisiniñ ýukalygy bilen bagly däl, eýsem syýasy-ykdysady şertler bilen bagly boldy. George Orwell şu günki Türkmenistanyñ syýasy-ahlak mirasdary bolan sowet soýuzynyñ hakyky keşbini, şonyñ bilen birlikde bu döwletiñ harabalarynyñ astyndan dörejek adamhor sistemalary hem aýnada gören ýaly görüp bilen ussatdyr.
“1984”-däki “eger Partiýanyñ boýna dakan ýalanyny beýleki adamlaryñ hemmesi kabul etse, eger ähli ýazgylar şol bir söz-düşünjäni käkäläse, onda ýalan taryhyñ gatyna siñýär we çyna öwrülýär” diýen setirler, Partiýanyñ “Kim geçmişe kontrolluk etse, şolam geljege kontrolluk edýändir, kim şu güne kontrolluk etse, geşmişe hem kontrolluk edýär” diýen şygary sowet halkyny döretmek syýasatynyñ düýp mazmunyny açmaýarmy eýsem?
George Orwell häzirki zaman dünýäsiniñ iñ bir sylagly ýazyjylarynyñ biridir. Edebiýat tankytçylarynyñ pikirlerine görä, onyñ kitaplarydyr makalalary adamlara dünýä täze bir nazar bilen bakmagy öwredipdir.
George Orwell 1903-nji ýylyñ 25-nji iýunynda Hindistanda doglupdyr. Ondan bäri dünýede nämeler bolmady? Emma Orwelliñ eserleri henizem gadyr-gymmatyny gaçyranok, gaýta göwher ýaly jöwherlenýär, oýlandyrýar.
Orwell orta gatlaga degişli iñlis maşgalasynda dogylýar. O wagt Hindistan Britan imperiýasynyñ bir bölegidi. Hindistandaky beýleki iñlisler ýaly, Orwelliñ maşgalasy hem özleriniñ hindi goñşularyna garanda has gurgun ýaşapdyr. George heniz ýaş döwründen hökümetleriñ häkimiýeti köplenç adalatsyz ulanýandyklaryna, hökümet aparatynyñ halky ezmek üçin gural edilýändigine akyl ýetiripdir. Soñ ol Ýewropada ýaşanda hem nirede bir garyp-pukara adamlaryñ ýaşaýan köçelerini saýlap alypdyr.
Onuñ ilkinji kitaby “Pariž bilen Londonda aşak we daşaryk” (Down and Out in Paris and London) kyn döwürler hakynda söhbet açýar. Aýdylyşy ýaly, Orwell bu eserinde adamlaryñ ünsüni dünýäniñ adalatsyzlyklaryna çekmek isläpdir. Ol eýýäm ýaşlyk ýyllaryndan ýazyjylygyñ syýasy ideýalar hakynda pikir alyşmak üçin gowy bir ýoldugyna akyl ýetiripdir.
Orwell 1934-nji ýyldan 1943-nji çenli köp ýerlere syýahat edýär we ýazyjy hökmünde basa işleýär. Ol iñlis gazýet-jurnallary üçin ýüzlerçe makala ýazýar, dünýä syýasaty boýunça BBC-de yzygiderli çykyş edip durýar. Ýone ol döwürde ýazyjynyñ kitaplary gowy geçmändir. Makalalaryndan bolsa oña ne ýeterlik gazanç gelipdir, ne-de bir meşhurlyk. Ýazyjynyñ ýetde-gütde güzerany diñe ömrüniñ soñky ýedi ýylynda, ol özüniñ iñ meşhur iki kitabyny ýazanda üýtgäpdir.
1945-nji ýylda ýazylan “Mal fermasy” (Animal farm) Orwelliñ ilkinji şowly eseri bolupdyr. Bu kitap Orsýetde 1917-nji ýyldan 1940-njy ýyllara çenli bolan syýasy wakalardan söhbet açýar. Kitapdaky mallara adamlar, ferma bolsa Orsýet diýip düşünmeli. Eserdäki mallar ferma eýeleriniñ elinden häkimiýeti gañryp alýarlar we täze hökümet döretrmäge başlaýarlar. Başda täze hökümet ähli haýwanlar deñdir diýýär. Ýöne soñra güýçli haýwanlar has nebsewür bolýarlar we diñe öz gaýgylaryny edip başlaýarlar. Olaryñ açgözlügi görlüp-eşdilen bolmaýar. Onsoñ kanun şol güýçli haýwanlaryñ peýdasyna, kabir haýwanlar beýlekilere garanda has deñdir diýlip üýtgedilýär. Orwelliñ ýönekeýden şireli, päki ýaly kesgir dili häkimiýetiñ adamlary nähili açgöz hem doýmaz-dolmaz edýändigini ussatlarça açyp görkezipdir diýip, edebiýatçylar aýdýarlar.
1948-49-njy ýyllarda Orwell özüniñ ikinji meşhur kitabyny – “1984” atly eserini ýazýar. Bu kitapda Winston Smithiñ, Oceanianyñ, ýagny Ýewropanyñ iñ soñky hakyky akyldarynyñ hekaýaty gür berilýär. Winston gelejekdäki bir dünýede, Uly doganyñ, ýagny Hökümetiñ her bir adamyñ durmuş-ýaşaýşyny üznüksiz, hemmetaraplaýyn hem berk gözegçilikde saklaýan ýerinde ýaşaýar. Ýöne güzabyñ ulusy ýa-da has howply günler Winston yşka düşende başlanýar. Uly doganyñ aýylganç şalygynda yşka düşmek jenaýata barabar bir zat bolansoñ, Winston öz söýgülisi bilen gizlinlikde duşuşmaly bolýar. Onsoñ olar Uly dogana, Hökümete garşy göreşmek kararyna gelýärler. Ýöne olary derhal ele salýarlar we türmä taşlaýarlar. Winstony türmede öldir ýaly edip ýençýärler. Ahyrynda öz dostlarynyñ hem ýurdunyñ özüne dönüklik edişi ýaly, olam öz Juliasyna ikilik edýär. Ol añ-akyl, ahlak taýdanam, beden babatda hem weýran edilýär. Uly doganyñ häkimiýetine, eden-etdiligine, zorluk-sütemine hiç hili çäre tapylmaýar.
Orwelliñ bu eserinde diñe uly adamlaryñ sandan çykarlyşy däl, eýsem etişip gelýän nesilleriñ hem adamhor edilip etişdirlişi suratlandyrylýar. Eseriñ baş gahrymanynyñ goñşy öýde synlaýan kartinasy, içaly-içaly oýnaýan, “Dönük, dönük, pikir jenaýatçysy” diýip gygyryşýan, türmedäkilriñ asylşyny görmäge äkit diýip şikaýat edýän çagalar şol weýrançylygyñ anyk netijesidir. Häkimiýetleriñ her aýda bir gezek diýen ýaly adam asýan ýerlerine çagalary eltmek bu ýurtda syýasatyñ özenini düzýär.
Orwell özüniñ meşhur “Mal fermasy” hem “1984” eserlerinde, anyk görkezmese-de, ozalky sowet soýuzynda bolýan wakalary beýan edipdir. Mälim bolşy ýaly, SSSR taryhy adamzat taryhynda geçirilen aýylganç synaglaryñ jemi ýaly bir zat boldy. 1917-nji ýylyñ rewolýusiýasy, kollektiwleşdirme syýasaty, basmaçylyk ýa-da halk gozgalañlarynyñ basylyp ýatyrlyşy, Stalinçilik terror we beýlekiler bir görseñ taryh bolup galdy, bir görseñem bu günki postsowet döwletlerinde dowam edýän syýastyñ esasyny goýdy.
Türkmen rejiminiñ tankytçylary bu ýurtda dünýäden üzñeleşme syýasatynyñ alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Sowet soýuzy hem wagtynda şol syýasaty ýöredipdi. Bu daşarky duşmanlardan goranmak zerurlygy bilen düşündirilipdi. Nämemiş, kapitalistik dünýä sowet adamlarynyñ bagtly durmuşyny görüp bilmeýärmiş. Soñ bilen bir wagtda içerki duşmanlardan goranmak meselesi hem mydama möhüm boldy.
Orwelliñ meşhur “1984” eserinde şeýle aýdym ýañlanýar:
Men-ä seni satdym, sen meni satdyñ
Ýaýbañ kaştan agajynyñ astynda.
Olar onda ýatyr, biz bolsa munda,
Ýaýbañ kaştan agajynyñ astynda...
Orwell by aýdymy diñläp oturan adamlaryñ gözüniñ ýaşdan püre-pürdügini ýazýar. Eýsem olar aglamaz ýalymydy. Ol adamlar rewolýusiýanyñ gahrymanlary diýilýänler. Soñ olardan duşman ýasaýarlar. Onsoñ rewolýusiýanyñ hakyky liderleri birýanujyndan dönük, duşman bolup çykýar we pürrelenip gutarylýar. Olary tussag edýarler we edenu-etmedik jenaýatlaryny boýun aldyrýarlar. Görelde sudlarynda aýdýan sözlerini diñleseñ, asyl olaryñ etmedik jenaýaty ýok. Jemgyýetçilik emlägine-de el urupdyrlar, Uly dogana – ýagny hökümete garşy dildüwşik hem edipdirler, daşarky duşmanlar bilenem aralary bar we ş.m.ler. Ýogsa olar öñ partiýanyñ iñ bir abraýly adamlary bolupdylar.
Orwell ahyry Uly doganyñ – ýagny hökümetiñ diñe özüniñ saýlanyp galandygyny, ony şu derejä ýetirenleriñ hemmesiniñ ýa tutulandygyny, ýa-da tutulmaga garaşyp oturandygyny ýazýar. Olary gabrystana iberilmäge garaşyp oturan jesetlere meñzedýär. Bu meñzetme aýylganç, ýöne gaty jaýdar.
Orwell azatlyk 2 bilen 2-niñ 4-digini aýdyp bilmek üçin azatlyk, eger şu kepillendirilen bolsa, eýleki zatlaram bolmaly diýipdir. Ýöne hökümet 2 bilen 2-ni goşsañ 5 bolýar diýýän wagtynda, muña däl diýýänleri dönük, duşman diýip yglan edýän wagtynda hiç hili kepillik galmaýar. Hatda şol hökümetiñ özüne, onuñ iñ ýokarky agzalaryna-da kepillik galmaýar.
Orwelliñ eserleri adamzadyñ geçmişi hem şu güni kontrollukda saklajak bolýan aýylganç gelejekden ägä bolmagy üçin edilen duýduryşdy diýip, edebiýatçylar aýdýarlar. Gynansak-da bu duýduryş türkmen okyjylaryna etmän galdy.
Orwell öz ýaşaýan dünýäsindäki özgerişler hakynda çuññur oýlanmak bilen, olara hakyky ýazyjy nazaryny salmagy başaran ussat diýip aýdasym gelýär. Ol taryhyñ örän möhüm sapaklardan ders berýändigini we şol sapaklary wagtynda özleşdirmezligiñ, olardan dogry netije çykarmazlygyñ nähili uly betbagtçylyklara getirip biljegini aýtmak isläpdir.
Eýsem Orwelliñ şu setirleri bizi oýlanmaga çagyrmaýarmy:
Men-ä seni satdym, sen meni satdyñ
Ýaýbañ kaştan agajynyñ astynda.
Olar onda ýatyr, biz bolsa munda,
Ýaýbañ kaştan agajynyñ astynda...
(Makala ýazylanda Penguin Dossiers-den hem-de George Orwelliñ `1984` atly kitabyna ýazylan sözbaşydan peýdalanyldy.) Prag 26-njy iýun, 2003.

