Ýurt bölündi ikä, üçe,
belki, dörde, bellisi ýok,
bir tarapda basyp alan,
garyndaşy, urugdaşy,
müşderisi, çar tarapdan,
ýurduň içi ýa-da daşy...

Dowamy

Hökümet işi

| Goşgular

Olar seni akyl-huşy
ýiti bilen çalyşmazlar,
kütek bilen çalyşarlar,
sypaýy däl, gepi düzüw,
gödek bilen çalyşarlar,
çalyşarlar kerler bilen...

Dowamy

Gaçylmaly adam

| Goşgular

Bile-göre içiňdäki
ejizlige baş egme,
ýesir bolma öz-özüňe,
gaharyňdan basylma,
tabyn bolma bahyllyga,
eliň berme gara nebse,

Dowamy

Siz maňa görkeziň zalym ezijiň
öwlüp, arşa çykarylýan ülkesin,
öz-özüne garşy goýlan milletiň
agysyn däl, ýer sarsdyrýan gülküsin,
ýeňlişini baýram edýän beslenip,
görkeziň siz şeýle ýurdy, bir adam

Dowamy

Sen göreşseň, gedem borsuň,
ilden artyk saýýan özün,
ýöne ýeňseň, köp bor gedem,
yzdan gelip, basyp gözüň
çykarjaklar bir, iki däl,
sen busmasaň, ýigrener il...

Dowamy

Hakydadaky halk

| Goşgular

Huşy giden ejesini,
tanamaýan bolsa-da hiç,
günde baryp, halyn sorap,
çaý-suwyny berýän elin,
goňşyň ýaly, ýat illerde,
sen halkyňy unutmarsyň...

Dowamy

Köşkdäki gedaý

| Goşgular

Her kim bir gün bergisini bermeli,
amanadyn tabşyrmaly gürrüňsiz,
emma bar gep şoňa çenli, nebsiňi
jylawyny saklap bilmän goýberseň,
oýun ýaly başda başga, özüňe
at, dereje, gymmat jäjejik berseň...

Dowamy

Ganhor döwlet

| Goşgular

Biziň ejemizi öldürdi döwlet,
gözi ýolda, garaşdyryp, ahy-zar,
belki, çyra ýakmagyny islemän,
irden turup, okar ýaly çagasy,
gul gerekdi han bolana bigüman,
boljakdy ol diri öliň agasy...

Dowamy

Ýürekdäki türme

| Goşgular

Olar ýurdun türme etdi birleşip,
uly, kiçi, aýal-erkek, müýni ýok,
gurdy olar gurup bolýan duzagy,
bilip, bilmän, düşürjekdi başgany,
sebäbi özleri gowudy mydam,
mamladylar, başga biri mamla däl...

Dowamy

Ýüreksiz tireler

| Goşgular

Ýüregi bolmasa adamyň eger,
at başynyň gürrüňi däl, elbetde,
taýçanagyň başy ýaly bolmanda,
ýa-da owlak-guzyň kellesi ýaly,
garaşma sen ondan dogruçyl gepe,
ýa gürrüňe, gerek wagty edilýän...

Dowamy


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024