Garyp millet

Diktatoryň aýagynyň astynda
tahýasy trýapka boldy türkmeniň,
özi boldy gynanylýan mähelle,
ol gelene gel diýerdi işikden,
näçe bolsa, gaşyn çytman sähel-de,
saçagyny giňden ýazyp, baryny
goýardy ortada, ýüregi açyk,
indi ne gel, ne geç galdy, başaran,
bagry girýan, çykýar ýurdundan gaçyp,
deger-degmezine satyp jaýyny,
başa gelen heläk boldy nebitden,
gazdan gelen puldan alyp paýyny,
çenin, çakyn bilip bilmän wagtynda,
soň ikinji gaýtalady ýalňyşy,
açgözlügiň iki gözün çykaryp,
ozalam garypdy, indi milletiň
baýy boldy beter, ýer uran garyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024