Hakyky derman

Frida Kahlonyň äheňinde

Agyry, azary, iýýän içiňden,
dynaýyn-la diýip, gark etmek üçin,
ýa unutmak üçin gaýgy-aladaň,
sen içmegi öwrenersiň ürç edip,
emma olar öwrenerler ýüzmegi,
sen çekmegi öwrenersiň, belki-de,
ilki çilim, soň beýleki artyby,
demikdirmek üçin tüssäň içinde,
goý, üsgürip, ölsün diýip ünjüler,
ýöne olar öwrenerler, taparlar
çäresini dem almagyň tüssede,
sen, gowusy, gark etme-de derdiňi,
maksat tutun aňsat ýetip bolmajak,
student bol ömür-baky okaýan,
işle ilki öz üstüňde, ýaltanma,
ýekelikde, iliň üçin, elbetde,
emma iliň aldananda aldanma.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024